TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Awtomobil: Ýygymlaryň möçberleri üýtgedi

Türkmenistanda Awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin şeýle hem awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň möçberleri üýtgedi. “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanununa üýtgrtmeler  we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we düýn metbugatda neşir edildi. Täze kabul edilen Kanunyň II-nji maddasyna görä Kanundaky üýtgetmeler we goşmaçalar 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

3) 218-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«218-nji mad­da. Aw­to­mo­bil­le­riň ýer­le­nil­me­gi üçin ýy­gy­myň möç­be­ri
Awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin ýygymyň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň ululygynyň aşakdaky möçberlerinde bellenilýär:
ýe­ňil awtomobiller üçin:

hereketlendirijisiniň iş göwrümi 2000 kub santimetre çenli — 10 essesi;
hereketlendirijisiniň iş göwrümi 2000 kub santimetrden ýokary we 3500 kub santimetre çenli — 20
essesi;
hereketlendirijisiniň iş göwrümi 3500 kub santimetrden ýokary — 40 essesi;
öndürilen ýyly we hereketlendirijisiniň iş göwrümi hasaba alynmanda 10 ýyl dolanlar — 10 essesi;
awtobuslar üçin:
10-15 orunlyk — 10 essesi;
16-25 orunlyk — 20 essesi;
25 orunlykdan ýokary — 30 essesi;
ýük awtomobilleri üçin:
ýük göterijiligi 5 tonna çenli — 10 essesi;
ýük göterijiligi 5 tonnadan ýokary we 10 tonna çenli — 20 essesi;
ýük göterijiligi 10 tonnadan ýokary — 40 essesi.»;

 

Bu görkeziji öň :

ýük awtomobilleri üçin – 8 esse ululykda;

awtobuslar üçin – 5 esse ululykda;

ýeňil awtomobiller üçin – 6 esse ululykda.

 

4) 223-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«223-nji mad­da. Aw­tou­lag se­riş­de­le­ri­niň eýe­le­rin­den alyn­ýan ýy­gy­myň möç­ber­le­ri
Awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymyň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň ululygynyň aşakdaky möçberlerinde bellenilýär:
motoulaglar üçin 2 essesi;
ýe­ňil awtomobiller üçin:
hereketlendirijisiniň iş göwrümi 2000 kub santimetre çenli — 4 essesi;
hereketlendirijisiniň iş göwrümi 2000 kub santimetrden ýokary we 3500 kub santimetre çenli — 6 essesi;
hereketlendirijisiniň iş göwrümi 3500 kub santimetrden ýokary — 10 essesi;
öndürilen ýyly we hereketlendirijisiniň iş göwrümi hasaba alynmanda 10 ýyl dolanlar — 4 essesi;
awtobuslar üçin:
10-15 orunlyk — 4 essesi;
16-25 orunlyk — 6 essesi;
25 orunlykdan ýokary — 10 essesi;
ýük awtomobilleri üçin:
ýük göterijiligi 5 tonna çenli — 10 essesi;
ýük göterijiligi 5 tonnadan ýokary we 10 tonna çenli — 20 essesi;
ýük göterijiligi 10 tonnadan ýokary — 30 essesi.»

 

Bu görkeziji öň:

motoulaglar üçin – 1 esse ululykda;

awtobuslar üçin – 3 esse ululykda;

ýeňil awtomobiller üçin – 2 esse ululykda;

ýük awtomobilleri üçin – 6 esse ululykda.

 

Fewral aýynda uniwersitede başlamak isleýänlere: Özýegin uniwersiteti

Ýene-de okaň

Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryna gatnaşmakçy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler

“Dragon Oil” kompaniýasyna maýa goýum teklipleri hödürlendi

Teswirle