TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Awtoduralgalar üçin awtomatik usul

“Ford” we “Bosch” kompaniýalary bilelikde awtoulag duralgalaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen täze bir awtomatik usul oýlap tapdylar. Täze usul, “Bosch”-yň akylly infrastrukturasyny ulanan “Ford” kompaniýasy tehnologiýanyň üsti bilen ulaglara sürüjüsiz awtoulag duralgasyny tapmaga mümkinçilik berer.

Täze usul nähili işleýär?

Ýolagçylar awtoulagdan düşenlerinde, sürüji smartfonyndaky programmany ulanyp “Bosch”-yň döreden ulgamy duralganyň hemme ýerine ýerleşdirilen datçikler işjeňleşdirilýär we ulaga duralgada boş ýer tapmaga ýardam edýär. Gurlan datçikleriň kömegi bilen ulag şoňa görä päsgelçilikleri we hereketleri görýär we üstünlikli duralga öz ýerine baryp durýar. Sürüji işini tamamlansoň awtoulag duralgasyndaky belli bir ýere gaýdyp gelýär we telefonyndaky programmany ulanyp ulagy saklanan ýerinden yzyna almak üçin  çagyryp bilýär.

Bu tehnologiýa göwrümi uly awtoulag duralgalarynda ýer gözleýänler ýa-da ulaglaryny nirede saklandyklaryny ýatdan çykaranlar üçin gaty peýdaly bolup biler. Nemes inženerçilik we tehnologiýa kompaniýasy bolan “Bosch” täze tehnologiýa ulaglary awtomatiki duralga gönükdirmek bilen bir hatarda belli bir zarýad beriş ýa-da ýuwulýan ýerlere hem amatly bolup biljekdigini aýdýar.

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle