«Türkmenawtoulaglary» agentligi şäheriçi ulaglarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we ýolagçylara edilýän ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde hereket edýän jemgyýetçilik ulaglarynda ýol tölegini Türkmenistanyň ähli banklarynyň «Altyn asyr» we «Maşgala» kartlary bilen tölemek mümkinçiligini ýola goýdy. Bu barada “awtoulag.gov.tm” internet neşirinde habar berilýär.

Ýolagçylara tölegi amala aşyrmak üçin girelgedäki tutawaçda ýerleşdirilen walidatorlara NFC galtaşyksyz töleg ulgamy esasynda işleýän bank kartlaryny golaýlaşdyrmak ýeterlikdir.

Täze hyzmat ähli şäheriçi awtobuslarynda ýola goýuldy.Ýol tölegi üçin galtaşyksyz interfeýsli mikroprosessor (çip) ornaşdyrylan plastik bank kartlary ulanylýar.

Bellik: ýol töleginiň talabalaýyk amala aşyrylmagy üçin işjeň bank kartynyň bolmagy we onda ýeterlik pul serişdesiniň saklanmagy (bir gezeklik ýol töleginiň nyrhyndan az bolmadyk) zerurdyr.

 

Türkmenistanda Ýewropa güni bellenildi