TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Awstraliýa Açyk”: Nadal 21-nji derejesini gazandy

Tennis sportunyň naýbaşy ýaryşy bolan “Awstraliýa Açyk” ýaryşynda erkekleriň arasynda finalda ispaniýaly Rafael Nadal bilen russiýaly Daniil Medwedew duşuşdy. 5 sagat dowam eden ýaryşda Nadal ýeňiş gazandy.

Ispaniýaly tejribeli tennisçi Nadal ilkinji 2 döwde ýeňlendigine garamazdan, ýaş russiýaly türgen Daniil Medwedewi 2:6, 6:7 (5:7), 6:4, 6:4, 7:5 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, tennis sportunyň 2022-nji ýyldaky ilkinji “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiş gazanan Nadal, umumylykda, 21-nji “Uly tuwulga” ýeňşini baýram etdi.

“Awstraliýa Açyk” ýaryşynda ikinji gezek finala çykan Daniil Medwedew geçen ýyl serbiýaly Nowak Jokowiçden ýeňlipdi.

Awstraliýanyň Melbrun şäherinde 17-30-njy ýanwar aralygynda geçirilen “hard” örtükli tennis meýdançasynda geçirilen ýaryşyň umumy pul sylagynyň gaznasy 54 million dollara deňdir.

Ispan türgen Nadal ikinji gezek “Awstraliýa Açyk” ýaryşynda ýeňiş gazandy. Onuň ilkinji ýeňşi 2009-njy ýylda amala aşypdy.

Nadal “Uly tuwulga” ýaryşlaryndaky 21-nji kubogyny gazanyp, belli tennisçiler Rožer Federerden we Nowak Jokowiçden öňe saýlandy. Ozal bu 3 türgeniň derejeleriniň sany deňdi.

Umuman, ispan türgen 90-njy derejesini gazandy. Bu ugurda öňdebaryjylar Iwan Lendl (94), Rožer Federer (103) we Jimmi Konnors (109).

Mälim bolşy ýaly, zenanlaryň arasynda “Awstraliýa Açyk” ýaryşynda awstraliýaly tennisçi Eşli Barti ýeňiji boldy. Onuň bu ýeňşi özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Ýagny, 44 ýyldan soňra Awstraliýada geçirilýän ýaryşda ýer eýelerinden bir türgen ýeňiş gazandy.

 

Koronawirus: erbet günler yzda galdy

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle