“Awstraliýa Açyk” çempionatynyň ýeňijisi – Nowak Jokowiç

Dünýäniň ilkinji raketkasy serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç “Awstraliýa Açyk” çempionatynyň finalynda russiýaly tennisçi Daniil Medwedewi ýeňmegi başardy. Duşuşyk 7:5, 6:2, 6:2 hasaby bilen Jokowiçiň peýdasyna tamamlandy. Final duşuşygy 1 sagat 53 minut dowam edipdir. Jokowiç bu ýaryşy yzly-yzyna üç gezek gazanmagy başardy. Duşuşygyň barşynda Medwedew öz içki duýgularyny saklap bilmän, tennis meýdançasynda özüniň raketkasyny döwdi.

33 ýaşly serbiýaly tennisçi dokuzynjy gezek “Awstraliýa Açyk” çempionatynda ýeňiji boldy. Jemi Jokowiç 18 gezek “Uly tuwulga” ýaryşynyň çempion diýen ada eýe boldy. “Uly tuwulga” ýaryşynda iň köp çempion Rafael Nadal we Rojer Federer bolmagy başardylar. Olaryň hersiniň hasabynda 20 ýeňşi bar.

Medwedew bolsa ilkinji gezek “Awstraliýa Açyk” finalyna çykdy. Russiýaly türgeniň ýeňlendigine garamazdan, Medwedew mundan ozal dünýäniň dördünji raketkasy diýip atlandyrylan bolsa, indi bu çempionatdan soňra, dünýäniň üçünji raketkasy diýip atlandyrylar.

Zenanlaryň arasynda geçen ýaryşda…

Ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka “Awstraliýa Açyk” ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Dünýäniň üçünji raketkasy Osaka 6:4, 6:2 hasaby bilen ABŞ-ly tenisçi Jennifer Breýdini ýeňdi. Duşuşyk 1 sagat 18 minut dowam edipdir. Ýapon tennisçi karýerasynda dördünji “Uly tuwulga” ýaryşynyň ýeňijisi bolupdyr.

Okap bilersiňiz  Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Tennis boýunça “Awstraliýa Açyk” çempionaty 8-21-nji fewral aralygy Awstraliýanyň Melburn şäherinde geçirildi. Ýaryşyň pul baýragy 55,2 million dollardan ybarat bolup durýar.

 

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.