SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Awstraliýa ― Täze Zelandiýa howa gatnawlarynda karantin gözegçiligi aradan aýryldy

Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň ýolagçylary şu günden ― 19-njy aprelden başlap, karantin gözegçiliginde galmaly bolmazlar. Bu barada iki döwletiň hem resmileri tarapyndan habar berildi.

Ýer ýüzünde koronowirus pandemiýasynyň möwç almagy sebäpli, iki goňşy döwletiň arasyndaku uçuşlaryň ýolagçylary üçin karantin hökmanylygy geçen ýylyň martaýynda girizilipdi. Döwletleriň ikisi hem çäklendirmelere berk gözegçilik edip, pandemiýany ýeňmegi başardy.

Eýýäm şu gün Awstraliýa bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky howa gatnawlaryna isleg bildirýänleriň sany ep-esli artdy. Awstraliýanyň «Qantas», «Jetstar» we Täze Zelandiýanyň awiakompaniýalary munuň üçin goşmaça gatnawlary hem ýola goýmaly boldular.

Aslynda, Täze Zelandiýadan gelýän syýahatçylar geçen ýylyň oktýabr aýyndan bäri Awstraliýanyň ştatlarynyň birnäçesinde karantinsiz gezelenç edip bilýärdi. Indi bolsa bu çäklendirme doly aradan aýryldy.

Ýeri gelende aýtsak, Täze Zelandiýanyň hem syýahatçylykdan gelýän girdejileriniň 40 göterimi awstraliýalylara degişlidir.

 

Türkiýä «Sputnik V» waksinasyny öndürmäge rugsat berildi

 

 

Ýene-de okaň

“Eşretli syýahat” Gyrgyzystanda syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

Aşgabat halkara mekdebi dynç alyş çäresine çagyrýar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy gemodializ enjamyny sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar