TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Awazada halkara ulag forumy başlady

Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Awaza” kongresler binasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty öz işine başlady. Maslahat gatnaşmak üçin dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan hem-de köp sanly iri halkara guramalaryň wekilleri Awaza geldiler.

“Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan forumy Türkmenistanyň Prezidentiniň foruma gatnaşyjylar iberen wideoýüzlenmesi bilen başlady. Türkmenistanyň Prezidenti öz wideoýüzlenmesinde Türkmenistanyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge taýýardygyny belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ulag hyzmatdaşlygy babatda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambelýasy tarapyndan birnäçe kararnamalaryň kabul edilendigini belledi.

Pandemiýadan soňra ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen meseleleriň giň gerimde maslahatlaşmaga giň mümkinçilik döreden bu forumynda BMG-niň Baş Sekretary Antonio Guterreşiň hem wideoýüzlenmesi okaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

Teswirle