TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Awazada halkara maslahat: 39 döwletden we 34 halkara guramadan wekiliýet gatnaşýar

Şu ýylyň 15-16-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçiriler.

Bu halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat Türkmenistanyň Prezidentiniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde aýdylyp geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda maslahata 39 ýurda we 34 halkara guramasyna wekilçilik edýän wekilleriň gatnaşjakdygy bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hem halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýolagçy parom terminalynda BMG-niň, Döwlet gümrük gullugynyň, Ulag we kommunikasiýalar toplumynyň düzüm birlikleri, “Türkmenpoçta” poçta-aragatnaşyk kompaniýasy we beýleki ulag ulgamyndaky käbir hojalyk jemgyýetleri ulag ulgamynda ýetilen sepgitler, ulag düzümleriniň kuwwatlyklary, alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy, ulag ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýuna taslamalar bilen tanyşdyrar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň ýerli býujeti taýýarlanýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň Russiýa sapary

Ata Watan Eserleri

Teswirle