SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Awazada dynç almak: Hazarda diňe bir şypahana işlär

Türkmenistanda dünýädäki we sebitdäki epidemologik ýagdaý göz öňünde tutulyp, Hazar deňziniň kenarynda raýatlaryň dynç almagyna girizilen çäklendirmäni 1-nji noýabra çenli uzaltdy.

Ýöne oktýabr aýyndan başlap, Hazaryň kenarynda diňe “Awaza” şypahanasynda dynç almaga rugsat berildi. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Mälim bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Awaza” şypahanasy 2018-nji ýylyň iýulynda ulanmaga berlipdi. 19 müň inedördül meýdany eýeleýän bu şypahana bir wagtda 200 adama hyzmat etmek mümkinçiligine eýedir. 9 gatly şypahana häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, dürli keselleri bejermek üçin niýetlenendir.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ýurdumyzda otly gatnawlary hem-de şäherara awtobus gatnawlary 1-nji noýabra çenli togtadylypdy.

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys.

 

“Kyrk gyz” gowagy: Size täsinlikler garaşýar

Habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Beýleki Şypahanalar halka hyzmat eder

 

Ýene-de okaň

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy