TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Aw möwsümi täze ýyla çenli ýapyk

Ene tebigatyň goýnuna çykyp, aw awlamagy halaýan türkmenistanlylar söýgüli güýmenjelerini dowam etdirmek üçin täze ýylyň ilkinji gününe çenli garaşmaly bolarlar. Çünki «Türkmenistan» gazetiniň 2020-nji ýylyň 16-njy sentýabryndaky sanynda çap edilen bildirişde hem aýdylyşy ýaly, Türkmenistanda aw möwsüminiň açylmagy 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli süýşürildi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bu çäklendirmäni dünýäde ýiti sowuklama keselleriniň, şol sanda guş dümewiniň ýaýramagy bilen baglylykda emele gelen ýagdaýy nazara alyp, şeýle hem bu ýokançlaryň ýurdumyzyň ilatynyň arasynda ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen girizdi.

Türk dili sahypamyz

Saýtymyza ýerleşdirýän habarlaryň käbiri, şeýle hem Türkiýedäki Türkmenistanlylary gyzyklandyrýan habarlary saýtymyzyň Türk dili sahypasyna ýerleşdirýäris. Eger Siz habarlarymyzy Türk dilinde okamak isleýän bolsaňyz, onda, ekranyň sag üst tarapyndan Türkiýäniň baýdagyny saýlaň!

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!


Ýene-de okaň

BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

Täze prokurorlar wezipä bellendi

Kazylar wezipä bellendi

Teswirle