PEÝDALY MASLAHAT

Aw baýlyklarynyň döwlet kadastryny ýöretmegiň tertibi barada…

Aw baýlyklarynyň döwlet kadastryny ýöretmegiň tertibi (mundan beýläk – Tertip) «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň 7-nji bendine laýyklykda işlenip taýýarlandy we Türkmenistanyň çägindäki aw baýlyklary baradaky maglumatlary bir umumy resminama toplamagyň, jemlemegiň, peýdalanmagyň we ulgamlaşdyrmagyň tertibini kesgitleýär. Bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Döwlet kadastrynyň maglumatlary aw baýlyklarynyň ýaýramagyna, sanyna, fiziki ýagdaýyna, jyns we ýaş aýratynlygyna, şeýle hem haýwanlaryň ol ýa-da beýleki görnüşleriniň köpelmeginiň ýagdaýyna döwlet gözegçiligi (monitoringi) amala aşyrylanda, şeýle hem aw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak babatda döwlet syýasaty emele getirilende we durmuşa geçirilende peýdalanylýar.

Ýene-de okaň

Amerika aňsatlyk bilen gitmek :Green Card -2025 (Grin Kard) boýunça utujylar haçan belli bolýar?

«PETRONAS Çarigali» kompaniýasy işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmenpoçta» Türkmenistanyň ähli ýerlerine pul serişdelerini geçirmek hyzmatyny hödürleýär

“Petronas” işe çagyrýar

«Petronas»: ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

Maşgala kadalary boýunça kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar giriziler