SIZDEN GELENLER

Atym bar – şöhratym bar

Türkmen halky öz durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmändir. Türkmen aga şatlykly gününde  dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Watanyň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, şunuň ýaly ýagdaýda bedew atyny özüne gardaş hasaplapdyr.

Türkmen halkynyň  zehini bilen döredilen we terbiýelenen ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä ýüzünde has hem beýikdir. „Asman aty“ hasaplanan ahal-teke bedewleriniň şan-şöhraty bilen baglanyşykly wakalar  ХХ asyrda hem  bolup geçýär. Şolaryň biri hem 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat – Moskwa atly ýörişidir. Olar 2500 mil aralygy 84 günde geçip, ýyndamlygyň we çydamlylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şonuň 225 mil aralygyny Garagumyň suwsuz çöllüginden 3 günde geçmegi başarypdyrlar.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri, oba hojalygyndaky, ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky, milli medeniýetimizi täzeden dikeltmekdäki hem-de beýleki birnäçe ugurlar boýunça durmuşa geçirilýän işler mysal bolup biler

Bu aýdylanlar biziň milli baýlygymyz bolan ahalteke bedewlerimizi köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we terbiýelemek baradaky alnyp barylýan işlere-de degişlidir.  Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda öňki aýlawyň durky täzelenip, Aşgabadyň gözel künjegi bolan Köpetdagyň eteginden täze Ahalteke atçylyk toplumy gurlup ulanylmaga berlip, eýýäm birnäçe ýyl bäri hyzmat edýär. Şeýle toplumlaryň ähli welaýatlarda-da döredilmegi türkmen halkyny aýratyn buýsandyrýar. Häzir türkmen atly ýigitleri at üstünde dürli oýunlary çalasynlyk bilen ýerine ýetirmek arkaly öz tomaşaçylaryny haýrana goýýarlar.

Aksoltan Rejepowa,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

 

“Google” şereketi täze “akylly” äýnek öndürmekçi

Ýene-de okaň

Saglyk – baýlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy

Matematika – ylmyň möhüm ugry

Bilimde innowasion ösüşler

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady