Attyllanyň ýoly bilen…

Gadymy we müdimi halkymyzyň geçmişiniň sahypalaryny agtaryp ugranyňda köp halatlarda taryhyň üýtgewsiz hem-de dogry menzillerinde atlary mälim bolsa-da, entek özüniň gutarnykly çözgüdini tapmadyk meselere duş gelýärsiň. Bir tarapdan alanyňda türkmenleriň taryhynda mälim bolmadyk wakalar ýok ýaly görünýär. Emma, beýleki jähtden garanyňda welin, mälim bolan hem bolsa, garaňky bulutlaryň arasyndan zordan görünýän Günüň şöhlelerine çalym edýär. Başgaça beýan etmek mümkin däl.

Türkmen halkynyň şygyrýet äleminde öçmejek yz galdyran milli şahyrymyz Gara Seýitliýew gadymy geçmişimize örän çuňňur: «Halk-dartagtdyr, kökleri onuň taryhydyr. Eger-kök bolmasa, daragt (taryh) bolmaz, eger-taryh bolmasa-halkyň özi hem bolmaz» diýip, filisofiki garaýşyny beýan edipdir. Dogurdanam geçmiş biziň hakydamyzdyr. Bu bolsa kökleri müňýyllyklara uzalyp gidýän gadymy we müdümi, her bir halkyň buýsanjy saýylýan geçmişimizi anyk taryhy dellilere esaslanyp öwrenmäge iterýär.

Türkmen halkynyň geçmişinde örän ynjyk, sagdyn paýhas bilen çemeleşmelisi şahsyýet meselesedir. Dünýäniň islendik halklarynda şahsyýet meselesi elmydama wajyplygyna galýar. Bu başgaça bolup hem bilmez. Şahsyýetsiz halk bolmaýar, halksyz hem şahsyýet. Ýöne ýokarky kesgitleme, gynansak-da, hemme halklara degişli däl. Boş, manysyz sözler we jümleler bilen adamy şahsyýet derejesine ýetirip bolmaýar. Aslynda adam şahsyýetiniň belentligi onuň öz halkyna näderejede hyzmat edenligi bilen kesgitlenýär. Bu taryhyň hakykaty.

Her bir şahsyýetiň belentligi, ynsanperwerligi onuň guýmagursak zehininde, öňdengörüjiliginde döwlet, hojalyk işlerinde başarjaňlygynda, harby we sungat ussatlygynda şöhlelenýär. Türkmenleriň taryhynda hem şeýle şahsyýetler bolupdyr, olar häzir hem bar. Aziýanyň mawy alyslyklarynda sähranyň aňzagynda, jöwzanyň epgeginde dörän hem ýaşan ata-babalarymyzdan öz atlaryny hakyda kitabyna altyn harplar bilen ýazan ençeme şahsyýetler çykdy. Biz şolaryň biri barada söhbet açmakçy.

Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň aýaklarynda türkmen halkynyň taryhyny ulgamlaşdyrmak, jemlemek ugrunda şol zamanyň alymlary az azap çekmediler. Taryhçylaryň irginsiz hem-de hupbatly zähmetiniň netijesinde köp jiltlik “Türkmenistan SSR-niň taryhy” döredi. Bu neşir biziň wagtymyzda bibliografiki seýreklige öwrüldi. Emma ol meniň şahsy kitaphanamda welin bar. “Türkmenistan SSR-niň taryhynda” örän köp meselelere degilip geçilýär, ilkinji seljerme berilýär. Muňa garamazdan okyja hödürlenýän ýazgynyň gahrymanyň welin ady tutulmaýar. Belki, ýatdan çykarandyrlar? Belki, zerur hasap eden däldirler? Belki, onuň türkmen halkynyň taryhy bilen baglanyşygy ýokdur? Belki, çekinendirler? Belki, ýene-de otuzynjy ýyllaryň gaýtalanmagyndan gorkandyrlar? Bu sowallara awtorlaryň özlerinden jogap alynsa gowy bolardy. Ýöne olaryň hiç biri aýatda diri däl.

Milli Garaşsyzlyga eýe bolunmagy bilen sowet zamanynda agzalmadyk, ýatdan çykarylan-halkynyň hem-de döwletiniň öňünde gujur-gaýratyny, başarnygyny gaýgyrmadyk görkezen, halkyň hyzmatynda bolan şahsyýetler tirsegine galdyryldy. Bu sogaply iş häzir hem dowam etdirilýär. Ýöne ol şahsyýetler Türkmenistanyň häzirki ýerlerinde ýaşan, işlän we döredenler bolup durýar. Eýsem Dünýäniň syýasy kartasyndaky ýurdumyzyň daşyndaky şahsyýetler hem bolup, olara hem ilkinji  teswirleme berildi. Şolaryň biri b.e.ozalky V asyrda ýaşan Attylla bolmaly. Onuň patyşalyk süren wagty 434-453-nji ýyllardyr. Ýeri gelende bellesek, Attylla barada türkmen alymlarynyň arasynda ilkinji bolup merhum taryhçy Ö.A.Gündogdyýew çykyş etdi.

Attylla hakynda ilkinji bir çeşme wizantiýaly diplomat, taryhçy we ýazyjy Prisak Paniýskiý (410-472 ýý.) tarapyndan ýerine ýetirlipdir. Bu eser “Wizantiýa taryhy we Attyllanyň işleri 8 kitapda” diýlip, atlandyrylýar. G.S.Destunis ony “Prisk Paniýskiniň gürrüňi” (СПб., 1861; rus dilinde) ady bilen neşir etdiripdir. Prisk Paniýskiniň maglumatlary esasan wakalaryň gözli şaýatlarynyň maglumatlaryna esaslanýar. Ikinji bir çeşme Iordanyň “Getika” eseridir. Bu edebi eser VI asyra degişli bolup, gynansak-da awtor gozgalýan mesele barada örän garjaşyk düşünjäni berýär. Sebäbi ol wakalary ýüz ýyldan soň esassyz we hilegärlik bilen beýan edýär. Ýöne başga edebi çeşme ýok. Muňa garamazdan wakalaryň logikasy, ýazgysy saklanypdyr, emma olar tekst bilen baglanyşmaýar. Geçen asyryň taryhçylaryndan Attylla uly üns beren meşhur türkşynas L.W.Gumylew (1912-1992 ýý.) bolmaly.

Attylla özüniň gelip çykyşy boýunça gunnlardan. Gunnlar bolsa türkmenleriň ata-babalary saýylýar. Gun imperiýasy harby demokratiýanyň esaslarynda döredilen çarwa taýpalaryň döwlet birleşigidir. Gunnlar türki dilli hunnularyň demirgazyk toparynyň esasynda dörän halkdyr. Olar Ural we Demirgazyk Hazarýakasynyň etraplarynda çarwaçylyk etmek bilen, hunnlar özlerine köpsanly fin-ugor we bolgar toparlaryny birleşdiripdirler. Bu garym-gatymlyk III asyryň ahyrynda-IV asyryň ahyrynda täze etnosyň-halkyň döremegine getiripdir. Şonuň üçin L.N.Gumylew ozalky demirgazyk hunnulary gunnlar diýlip atlandyrylmagyny teklip edipdir.

Okap bilersiňiz  Dünýädäki iň kiçi telefon

Gunnlar köpsanly taýpalara bölünipdirler. Olarda häzirki türkmen taýpalarynyň atlary gabat gelinýär. Olardan “akasiri”-oguz-türkmenlerinde “agaçäri”-tokaý adamlaryny mysal getirmek bolar. Agaçäriler soňlugynda Seljuklaryň düzümine goşulypdyr we Akgoýunly türkmen döwletinde uly ähmiýete eýe bolupdyrlar. Agaçäriler Gündogar Ýewropanyň sähralaryny eýeläp, ol ýerde taýpa birleşigini düzüpdirler. Gunnlaryň ilkibaşdaky serdary Rugila (Ruý) bolupdyr. Rugila Ýewropanyň merkezinde-Pannoniýada karargähini gurupdyr. Emma 434-nji ýylda Rugila aradan çykypdyr, onuň ýerine bolsa ýegeni Attyllany saýlapdyrlar.

Şu ýerde wajyp delile ünsi çekmekçi: biz Attylla barada esasy iki antiki çeşmäniň saklanandygyny ýokarda belläpdik. Bu çeşmeleriň ikisin-de hem Rugilanyň, soň Attyllanyň gunnlardan gelip çykandygy aýdylýar. Ýöne muňa garamazdan käbir döwürdeş alymlar Attyllanyň gypjak taýpasyna degişli edýärler. Şolaryň biri M.Ajy (1944-2018 ýý.) bolmaly. Elbet-de, kumyk alym özüniň ýazan işlerinde her edip, hesip edip gypjaklary (şol sanda kumyklary-B.A.), aslynda dünýäniň ýüzünde ýaşaýan türki kowumlaryň hemmesini Altaý ülkesinden gelip çykan hasaplaýar. Şonlukda onuň sanawyna Attylla, ol barada ýazan Iordan hem gypjak bolmaly. Biz awtor bilen gozgalýan mesele hakynda dirikä pikir alyşypdyk.

Gypjaklar (bir halkyýetiň özüne dakan ady) sähraralylar bolup, olara soňlugynda tatar etnonimi ulanylypdyr. Ýewropa we wizantiýa çeşmelerinde “kumanlar” (lat.: “cumani”, “comani”) çarwa türki halkdyr. Gypjaklar Polowes sährasynda ýa-da Deşti-Gypjak taryhy sebtinde ýaşapdyrlar. Gypjaklar rus çeşmelerinde saroçinler we wengr çeşmelerinde kunlar ady bilen ýatlanylýar. Taryhçy S.G.Agajanowyň ýazmagyna görä gypjaklar orta asyrlarda Türkmenistanyň ýerlerinde, hususan-da Garagumda hem oturypdyrlar. Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbataryndaky Gypjak obasy şolaryň ady bilen baglanyşyklydyr. Etniki taýdan alanymyzda gypjaklar alyli, Çärjew, Garaköl we Alat etraplaryndaky garawul taýpasynda gypjak tireleri saklanypdyr.

Orta asyrlarda türki halklar oguzlar we gypjaklar diýen iki topara bölünipdirler. Özbek etnografy K.Şanyýazowyň getirýän sanawyna görä gypjak toparyna başgyrt, tatar, nogaý, gumuk (kumyk), garaçaý, balkar, gazak, garagalpak ýaly halklar giripdir. Şonuň üçin Attyllanyň gunn halkyndan gelip çykandygy göze dürtülip durka, gypjak hasaplamak hiç bir heňe gelmeýär. Aslynda M.Ajynyň eserlerini döwürdeş taryhçylar, etnograflar ýalanylym hasaplaýarlar hem-de ony folk-history ugruna degişli edýärler. Alymlaryň pikirine görä onuň kitaplaryna, ýagny türki kowumlaryň etnogenezine milletçilik, delilleri saýlamakda we ulanmakda ýalňyşlyga ýol bermeklik häsiýetlidir. M.Ajynyň eserlerini okanyňda alymlaryň köp nesliniň köp ýyllardaky toplan maglumatlarynyň toplumyny ret etmeklik ýa-da garşy durmaklyk aýdyň görünýär.

Biz ýokarda Rugilyň paýtagtynyň Pannoniýada bolandygyny belläpdik. Gunnlar Pannoniýa 400-nji ýylda barypdyrlar. 430-njy ýylda bolsa Reýn derýasynyň kenarlaryna ýetipdirler. Rugila Rim imperiýasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýýar hem-de topalaň turzan gallary basyp ýatyrmak üçin öz goşunyny hödürleýär. Emma Rugiliň aradan çykmagy bilen, Mundzugyň (Bozugyň) ogly Attylla patyşa bolýar.

Atylla özüni zehinli hökümdar we diplomat hökmünde görkezýär. Bu barada L.N.Gumylew şeýle ýazýar: “Onuň tugunyň astynda gunnlardan başga-da ostrogotlar, gepidler, týuringler, gurullar, turklingi (hemme german taýpalary-B.A.), bulgarlar we akasirler (agaçäriler) söweşipdirler”. Has gyzykly we täsirli taraby medeniýetleşen rimli emeldarlaryň nebisjeňligini hem-de eden-etdiligine çydaman örän köp rimliler we grekler “wagşy” gunn patyşasyna hyzmat edipdirler. Belli rimli emeldar Romul hem Attylla barada: “Haçan-da, bir wagt patyşalyk sürenleriň hiç biri, şeýle gysga wagtyň içinde beýik işleri amala aşyrmandy. Onuň hökümdarlygy ummanda ýerleşýän adalara ýaýylypdy”. Bu häzirki Beýik Britaniýa we Gotland skandinaw adasydyr. Ol diňe skifleri däl, eýsem rimlileri hem paç tölemäge mejbur edipdir” diýip, içki buýsanjyny nesillere galdyrypdyr. Onuň sözlerine görä “Attyllanyň harby güýjiniň öňünde hiç bir halk durup bilmändir”.

 

Dowamy bar..

 

Bäşim Annagurbanow,

arheolog