Attylla : Söweş hereketlerine başlaýar

Attyllanyň ýoly bilen… atly makalamyza dowam edýäris. Gunn döwletiniň serhetlerini giňeldip, Attylla Balkan ýarymadasyna ýörüş edipdir. Gunnlar Sirmiýadan Naise çenli 70 şäheri eýeläpdirler. Wizantiýa imperatory Fedosiý II öz döwletiniň howpsuzlandyrmak üçin, gunnlara 350 altyn liwri ugradypdyr, ýöne basym sowgadyny 700 altyn lire çenli köpeltmäge mejbur bolupdyr. 442-nji ýylda Attylla goşunlary bilen Konstantinopolyň diwarlaryna gelipdir. Gunnlary garşylamak üçin ilçiler öz sowgatlary bilen çykypdyrlar. Fedosiý II aljyraňňylaga düşüp, Attylla şäheri weýran etmän, her ýyl örän uly-2000 altyn liwry paç hökmünde tölemäge hem-de Dunaýyň (Rubikon) günorta kenaryndaky Singidundan Naisa çenli ýerleri bermäge boýun bolupdyr.

Attylla edenli we edermen hökümdar bolupdyr. Gunnlar we taýpalar oňa çäksiz hormat goýupdyrlar. Prisk Paniýskiý gunnlar barada gyzykly maglumaty berýär: “Bir gezek, Attylla patyşanyňkyda meýlise çagyrlan grekler bilen gunnlaryň arasynda dawwa turupdyr. Grekler imperator Fedosini Hudaýa deňäpdirler. Gunnlar bolsa geň galyp: “Adamy Hudaýa deňemek bolmaýar” diýip jogap beripdirler”. Munuň özi gunnlaryň (türkileriň) ahlagynyň grekleriňkiden ýokary bolandygyny görkeýär.

Rimli orta asyr senenamaçylary gunnlara duşmançylykly garasalarda, Attyllanyň keşbini dogry-öz döwrüniň görnükli harby ýolbaşçysy we beýik hökümdardygyny beýan edýärler. Çeşmeleriň birinde: “Ol, halklary sarsdyrmak üçin dünýä inen ärdi, ol näbelli,  bir bijede hemme ýurtlar üçin elhençdi, hemmeleri gorky astynda saklaýardy, ol barada gürrüňler giňden ýaýrapdy. Ol buýsançly öňe gidýärdi, garaýşyny eýläk we beýläk öwürýärdi we özüniň bedeniniň hereketi bilen ýokary ýeten güýjüni duýýardy. Söweşleri söýýändigine garamazdan, ol golunda aramlydy, sagdyn paýhasy ýetikdi, dilegçilere elýeterdi we kime ynan bolsa, şoňa mähremdi”.  Mundan başga-da Attyllanyň daşky keşbini beýan etmek bilen, kelte boýly, çiginlek, uly kelleli we kiçi gözli, ak sepen selçeň sakgally we ýasy burunly bolandygy häsiýetlendirilýär.

Attylla Wizantiýadan onuň ýerleriniň uly bölegini kesip alandan soň, ol ümzügini Günbatara tutýar. Ol bu ýerde rimliler bilen bilelikde german-gotlara garşyýörüş edýär. Rimiň goşunlaryna meşhur serkerde Aeseý ýolbaşçylyk edipdir. Aeseý hakynda takygrak aýtmak mümkin. Eýýämhaçan ol ýaşlygynda öz kakasy tarapyndan Rimiň atly goşunynyň serkerdesi Gaudensime (“guduz” lakamly) gunnlara girew berlipdir. Aeseý gunn düşleginde Attylla bilen bilelikde ösüpdir we dostlaşypdyr. Iň esasy-da, gunnlarda bolan ýyllarynda ol uruş alyp barmaklygyň türki harby mekdebini geçipdir. Soňlugynda ol birnäçe gezek gunnlaryň hakyna tutma toparlaryny peýdalanypdyr hem-de ussatlyk bilen baştutanlyk edipdir. Aeseý italýan dilinden başga-da, türki (gunn-oguz) we german dillerinde gepläpdir. Bu onuň gunn taýpalarynyň arasynda abraýyny ýokary göteripdir. Aeseý gunnlarda girew bolan ýyllaryndan soň ýene-de, Rimde uly emeli eýeläpdir. Ýöne Rim hökmetinde dörän agzalalykdan soň gaýtadan gunnlaryň arasyna gaçmaga mejbur bolupdyr. 433-nji ýylda Attylla patyşa bolanyndan soň, ol Rima dolanypdyr we konsul bellenipdir.

Ilkibaşlarda Attyllaň we Aeseýiň arasynda dostlukly gatnaşyklar saklanypdyr. Sebäbi Attylla bir näçe gezek öz dostuna saýlama atly toparlary berip kömek edipdir. Şol wagtlarAttillanyň imperiýasyna ýokarda agzalan halklardan başga-da, köp sanly kelt we taýpalary, bastarnlar, alemanlar (Almaniýa we alman etnoadalgalary şu ýerden döräpdir-B.A.), skirler, franklaryň we burgundlaryň bir bölegi giripdirler. Burgundlary hem türki taýpa hsaplaýarlar.

450-nji ýylda ol Galliýa ýörüş edipdir. Ýöne burgunlar Attilla boýun bolmandyrlar. Şonuň üçin ol burgundlary we olaryň patyşalygyny derbi-dagyn edipdir. Srilena ýetip, Şampaniýa çekilipdir. Bilşimiz ýaly Şampaniýa Fransiýada ýerleşýär. Attillanyň aňtawçylary birleşen rimli we gotlaryň goşuny Aeseýiň baştutanlygynda gunnlara garşy çykypdyr.Aesiý gunn serdary Attillanyň örän güýçlidigini we howpludygyny bilipdir. Aeseý gotlardan we rimlilerden başga-da, frank toparlaryny, alanlary, armorisanlary, latisianlary (latynlary), burgundlary, saksoniýalary, ripariollary, brionlary, bir söz bilen goly ýarag tutup bilýän ýewropaly taýpalaryň iň saýlama atly we pyýada goşunlaryny toplapdyr. Bellenmeli delil, alanlar hem gunnlar ýaly Orta Aziýadan (Günbatar Türkmenistandan-B.A.) çykandyklary sebäpli, gunnlara garşy durmak islemändirler. Ýöne alanlar Rim imperiýasyna gulluk edipdirler. Şonuň üçin Aeseý olary goşunyň ortarasynda goýup, bardy-geldi, ikirliňlän halatlarynda yza çekilmäge ýa-da gaçmaga mümkinçilik goýmandyr.

Okap bilersiňiz  Premýer ministrlige dalaşgärler köpelýär

451-nji ýylyň iýun aýynda Şampaniýanyň Katalun sährasynda halklaryň görlüp-eşidilmedik söweşi bolupdyr. Söweşiň öňisyrasynda gunn porhanlary gurra atyp, onuň puja çykjakdygyny, ýagny gunnlaryň ýeňiljekdiklerini aýdypdyrlar. Muňa garamazdan Attilla uruşmagy karar edipdir. Ýewropada şol wagt hiç bir deňi-taýy bolmadyk iki serkerde-Attilla we Aeseý özleriniň ozalky dostlugyna garamazdan, bir-biregi ýok etmäge çalşypdyrlar. Sebäbi halkymyzda aýdylyşy ýaly “iki goçuň kellesi, bir gazanda gaýnamar”.

Bize söweşiň başlanmazdan öňisyrasy Attilla goşunyň öňüne çykyp sözlän söweş nutugy gelip ýetipdir: “Şeýle köp taýpalaryň üstünden gazanylan ýeňişden soň, eger siz duşmanyň öňünde durup bilseňiz-tutuş dünýä dyza çökerilen. Şonuň üçin men sizi ýeňişe ýetmegiň gerekmejek, boş sözlerini aýtmakçy däl. Goý, ony ýa täze serdar ýa-da tejribesi bolmadyk goşun aýtsyn. Maňa umumy mälim bolan hakykaty aýtmak gelişmeýär, size bolsa ony diňlemegiň geregi ýok. Sebäbi ol sözler size uruşdan başga adaty bolup durýär. Şunlukda, ýyndam we ýeňil bolup, duşmana topulalyň, sebäbi diňe urup-uşadýan mertdir”. Gunnlaryň ýyldyrym ýaly süýnüp, aýy dek aslyşyp, möjek dek topulyp söweş edendiklerine garamazdan, Katalun sährasyndaky söweş iki taraba hem ýeňiş getirmändir.

452-nji ýylda Attilla söweş hereketlerine täzeden başlapdyr. Bu gezek gunn serdary Italiýa çozup giripdir. Gunnlar Wenesiýany (Akwileýa galasyny) gabaw maşynlary-katapultalar bilen almagy başarypdyr. Soň merkezi Milan şäheri bolan Liguriýa welaýaty boýun egdirilipdir. Rime ýol açylypdyr. Emma Rim papasy Lew I-iň baştutanlygynda ýörüte wekilýet gelip, Rime çozmazlygy hem-de oňa derek uly salgydy berjekdiklerini haýyş edipdirler. Attilla kontrabusiýany almaga we Italýadan çykyp gitmeklik hakyndaky teklibi kabul edipdir. Indiden beýläk Gunn imperiýasy örän güýçli döwlete öwrülipdir. 453-nji ýylda Attilla burgund gyzy Ildege bilen nikalaşypdyr. Emma şol gün wepat bolupdyr. Mälim bolşy ýaly Kassiodaryň orta asyr “Senenamasynda” görkezilşi ýaly Attilla özüniň düşleginde, ýagny Tisse derýasynyň golaýynda aradan çykypdyr.

…Aradan ýüzlerçe ýyllar geçdi. Ýewropada eýýäm gunnlar-oguzlar barada, olaryň aslynyň Aziýanyň mawy asmanynyň jöwzaly sähralaryndan gelip çykandyklaryny hem-de Ýewropanyň merkezinde örän kuwwatly imperiýany döredenklerini häzirkizamanyň halklary ýatlaryndan çykardylar. Emma biziň günlerime gelip ýeten çeşmeler, türkşynaslaryň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran derňewleri gunnlaryň serdary Attillanyň ýoluny seljermegi dowam etdirýärler. Attillanyň ady uzak wagtyň dowamynda Baltika deňziniň kenaryndaky halklarda ýitmän gelýär, olar ony özleriniň ilkinji patyşasy hsaplaýarlar. Şotlandiýada häzire çenli Attillanyň ady “kaka”, “ata” manylaryny berýär.

Ýewropanyň iň beýik daglary Alp daglary adyna eýe boldy. Alp daglarynda Attillanyň baýdagy pasyrdapdy. Alp türki sözünden “ýeňiji” diýmekligi aňladýar. “Attillanyň alplary” ýa-da awstriýalylaryň aýdyşlary ýaly “Etsel Alplary” geografiki adalga hem saklanyp galdy. Tidreke hakyndaky gürrüňi ýaňy-ýakynlar hem her germanly bilýärdi. Bu gürrüňde Attilla we onuň ýanýoldaşy Erka bolup, german eposynda Attilla Etseliň assylly keşbinde ebedileşdirilipdir.

Bäşim Annagurbanow,

arheolog