JEMGYÝET

Atestat bilen Türkiýede okamak : Gerekli Resminamalaryň Sanawy

Türkiýäniň ýokary okuw jaýlary umumy orta bilim hakyndaky şahadatnamadaky (atestat) bahalaryň netijesi boýunça daşary ýurt talyplaryny okuwa kabul edýär. Her bir ýokary okuw jaýynyň resminamalary kabul ediş seneleri we şertleri bir-birinden tapawutly bolmak bilen, umuman alanyňda öňümizdäki günlerde resminamalary kabul edilişik seneleriniň halk köpçüligine ýetirilmegine garaşylýar. Şol sebäpli, Türkiýäniň ýokary okuw jaýynda bilim almak isleýän dalaşgärler resminamalaryny taýýarlamak möwsümine girişdi. Türkiýäniň Aşgabatdaky Bilim Geňeşçisi hormatly Zübeýir Ýylmazyň ýaňy-ýakynda www.atavatan-turkmenistan.com habar saýty bilen eden söhbetdeşliginde beren maglumatyna görä, Geňeşlik talaba laýyk we dogry terjime edilen talyp resminamalaryny bir güniň dowamynda tassyklap berýär. Şol sebäpli Türkiýede ýokary bilim almak isleýän raýatlar, resminamalaryny talaba laýyk we dogry terjimesini üpjün etmeli, soňra, Türk Bilim Geňeşliginde tassyk etdirmeli bolup durýar. Uniwersiteti gazanan talyplar Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasyndan talyp wizasyny almalydyr. Şonda, köp resminamalary täzeden terjime etmezlik we iki gezek terjime çykdajysyny etmezlik üçin, ilki başdan Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň tassyk edýän terjime merkezleri bilen işleşmek talyplar üçin bähbitli bolup durýar.

Dalaşgärler ähli resminamalar taýyn bolandan soňra göniden-göni degişli uniwersitetiň yglan eden senelerinde şol ýokary okuw jaýynyň resmi saýtlarynyň üsti bilen resminamalary tabşyryp bilerler. Emma, gerek bolan ýagdaýda degişli ýurduň kanunçylygyna laýyklykda hereket edýän Maslahatçy kompaniýalara hem ýüz tutup bilerler.

Gerekli Resminamalaryň sanawy

  1. Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy,
  2. Türkmenistanyň raýatynyň biometrik pasportynyň nusgasy,
  3. Pasportlaryň  Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň (bilim geňeşligi) tarapyndan tassyk edilen terjimesi
  4.  Orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň (atestat) nusgasy
  5.  Atestatyň Türkiýäniň Aşgabatdaky Bilim geňeşligi ýa-da Ilçihanasy tarapyndan tassyk edilen Türk dilindäki terjimesi
  6. Orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň (atestat) Türkiýäniň bilim ulgamy bilen barabarlygy barada Türkiýäniň Aşgabatdaky bilim geňeşliginiň tassyknamasy,
  7. Orta bilim ulgamynyň soňky 3 ýylynyň bahalarynyň ortaça görkeziji baradaky resminama, terjimesi we Türkiýäniň Aşgabatdaky bilim geňeşliginiň tassyknamasy.

 

Eger Siz, Türkiýäniň ýokary okuw jaýlaryna resminamalary tabşyrmak boýunça maslahat hyzmatlaryny almak isleýän bolsaňyz, onda, Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezine ýüz tutup bilersiňiz! Türkiýäniň kanunçylygyna laýyklykda Stambul şäherinde esaslandyrylan kompaniýa, Türkmen we Türk dillerinde hyzmat berýär. Kompaniýa  bilen habarlaşmak üçin IMO Atavatan : +90 532 401 71 52 hasabyna goşulyp soraglaryňyza jogap alyp bilersiňiz!

 

Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com         

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

Telefon : +90 212 633 4000

IMO Atavatan : +90 532 401 71 52

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52

 

Degişli Habar :

Resminamalaryň terjimesinde Makul Hyzmat

Türkiýede bilim almak isleýän talyplar ýokarda sanawy görkezilen resminamalary taýýarlaýan pursady  Makul Hyzmat Terjime Merkeziniň terjime hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler. Terjime hyzmatynyň her bir resminama sahypasy üçin bary ýogy 12 manat.

Terjimede online terjimäniň hözürini görüň!

Resminamaňyzy online ibermek mümkinçiliginiň bardygyny hem unutmaň. Online terjime hyzmatlaryndan peýdalanmak Size terjime merkezlerine azyndan iki gezek gidip ýol we wagt çykdajylaryny etmekden halas eder. Eger Siz Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan Paýtagtymyza gelýän ýagdaýyňyzda, paýtagtymyza gelmezden öň resminamalaryňyzy online ulgamdan ugradyň we Türk Ilçihanasynyň we Bilim geňeşliginiň talabyna laýyk terjimäňizi taýyn edeýliň!.

Resminalaryňyzyň suratyny çekiň we IMO hasabymyzdan ýa-da elektronik poçtamyza  iberiň, wagtyňyzy we ýol çykdajylaryňyzy tygşytlaň!. IMO hasabymyz Tel:+993 63 78 96 73, E-poçta salgymyz: makulhyzmat@gmail.com.   

Wiza Anketa Doldurmakda Terjime Hyzmaty

Makul Hyzmat Terjime Merkezi Türkiýä wiza ýüz tutmalarynda resminamalaryň terjimesinde we anketa doldurmak üçin terjime hyzmatlaryny hödürleýändigini habar berýär.  Mälim bolşy ýaly Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasy tarapyndan 1 Aprel 2018 senesinden başlap wiza ýüz tutmalarynda online ýazylyşyk prosesine geçilýär. Şol sebäpli online terjime hyzmatynyň ähmiýeti has artýar. Türkiýä wiza ýüz tutmalarynda gerekli resminamalaryň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezinden hyzmat alyp bilersiňiz. Makul Hyzmat Terjime Merkeziniň IMO resmi hasabyna goşulmak bilen online terjime hyzmatyny almak, şeýle hem anketa doldurmak boýunça terjime hyzmatlary barada has anyk maglumatlary almak mümkin!

Makul Hyzmat IMO hasabyna goşulyň : +993 63 78 96 73

Habarlaşmak üçin

Makul Hyzmat Terjime Merkezi

Aşkabat,  Ankara köçesi, 25, A Blok, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com     

Telefon   : +993 63 78 96 73

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Ýene-de okaň

Kuraş-2023: Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň 5-nji altyn medalyny Daýanç Omirow gazandy

Kuraş-2023: Sabina Kadyrowa altyn medal gazandy

“Süýji gün” – süýji günlerde

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen ABŞ ekologiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Kuraş-2023: Türkmenistan 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazandy

Ata Watan Eserleri