TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnaly Koreýa Respublikasynda

Koreýa Respublikasynyň Seul we Piýoňçoň şäherlerinde geçirilen Sport Metbugatynyň halkara Assosasiýasynyň (AIPS)  80-nji Kongresiň çäklerinde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň hünärmenleri tarapyndan ýörite tanyşdyryş we mahabatlandyryş çäresi geçirildi.

Maslahatyň geçýän ýerinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5 nji Aziýa oýunlaryna bagyşlanan stendler gurnaldy. Şeýle-de bu ýerde ýurdumyz barada gürrüň berýän jurnallar, milli sowgatlyk önümlerimiz goýuldy. Mahabatlandyrma çäresinde daşary ýurtly Žurnalistler “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň ýakynda neşir edilen Aziýa oýunlaryna bagyşlanan ýörite goýberilişine uly gyzyklandyrma bildirdi. Aşgabat-2017 Oýunlaryna çagyrýan çakylyklar bolsa gelýän myhmanlara paýlanyldy. Kongresiň işine gatnaşýan iri sport köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sport metbugatynyň halkara Assosasiýasynyň, yklym boýunça birleşikleriniň ýolbaşçylary, Koreýa Respublikasynyň sport boýunça wekilleri hem-de birnäçe sport oýunlarynyň federasiýalarynyň wekillerinde Türkmenistanyň hödürleýän stendi uly gyzyklanma döretdi.

Çeşme  : Atawatan Türkmenistan Habarlar Agentligi (ATHA)

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan maýadarlary gämi gurluşygyna çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-BAE: ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri

Guterreş: ulag pudagyny özalky ösüşine getirmek üçin bilelikde işlemeli

Ata Watan Eserleri