8.9 C
Istanbul
12/08/2020 6:13
Home ATAWATAN ESERLERİ Ýaşa, ak günleriň göwni galmasyn!

Ýaşa, ak günleriň göwni galmasyn!

Her täze gün adamzada berilýän iň uly peşgeş diýsegem öte geçdigimiz bolmaz. Sebäbi, täze günde bizi bagtly etjek pursatlar, dürli ajaýyplyklar garaşýar. Iň begençli tarapy-da, şol täsinlikleri hut biziň özümiziň döredýänligimizdedir.  Şahyryň “Günüň dogşy säherinden maglumdyr”  diýişi deý, öňümizdäki 24 sagadyň şowly geçmegi, biziň ir-ertirden ýerine ýetirýän hereketlerimize bagly bolup durýar. Türkmen halkynyň nesil terbiýesinde giňden ulanýan öwüt-nesihatlarynda, nakyllarynda, gadyr-gymmaty barha artýan atalar sözlerinde biz ýygy-ýygydan “Ir turan işinden dynar” , “Giç ýat-da ir tur, alty pişegi artyk ur” , “Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy” ýaly pentlere duş gelýäris. Hünärmenler günüň başlangyjyny ýerine ýetirmesi çökder bolan işlerden başlamagy maslahat berýärler. Bu pikir bilen ylalaşmak ýerlikli bolar. Ýöne, her gün adatdakylardan ir oýanyp, öz göwün söýen zatlarymyz bilen meşgul bolmagyň oňat täsiri uludyr. Özümize ynam döredýän, şowlulyklara atarýan kitaplary okamak ýa-da halaýan sazlarymyzy diňlemek döredijilikli hem-de yhlasly, tutanýerlikli we ynamly zähmet çekmäge atarýar. Ähli üstünlikleriň açary kitapdyr. Kitap okaýan adamyň akyly ösýär, zehini joşýar, pikiri durlanýar. Kitap okaýan adam bilime baý bolup , ýatkeşligi we düşünjesi ýitileşýär. Gahryman Arkadag Prezidentimiz : “Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýar. Ýokary çeperçilikli we hakyky sungat eserleri umumy adamzat baýlygyna öwrülýär” diýip, jöwher gatly kitaplar hakynda paýhasly pikirleri ündeýär. Şonuň üçin hem  üstünlige barýan ýolda kitaplar iň oňat ýolgörkeziji bolup durýar.

Lukmançylyk ylymlaryna salgylansak, ir säher bilen bir bulgur limonly suw içip, arassa howadan dem almak bilen edilen maşklar bedeniň sagdyn bolmagyny gazanýar we ruhy lezzet paýlaýar. Sagdyn beden bolsa, belent ruhda zähmet çekmäge itergi berýän güýçdir. Sagdyn beden bilen kämil ruhly ynsan üçin onuň öňünde alynmajak gala, amala aşyryp bolmajak maksat  ýokdur. Mundan başga hem agzybir maşgala bolup, bir supranyň başynda  edilen ertirlik naharynyň öwezini hem  hiç bir zat dolmasa gerek. Ata-enäniň ak patasy bilen ýola rowana bolan perzendiň işleriniň elmydama rowaçlanmagy ikiuçsyzdyr.

Şahyr Gurbannazar Ezizowyň ýürekleriň töründen ýer alan ajaýyp şygyr setirleri, biziň nurana saba-säherleri nähili garşylamalydygy baradaky aýtjak müňlerçe pikirlerimizi özünde jemleýär:

Säher turup , syl ýüzüňe çagaňy,

Päkligiňde bolup bilseň şonça bol!

Sen sanama gara saçyň agyny,

Sen sag aman öreniňe monça bol!

Zemin ýüzüni kuýaşyna çoýýan çogly Günüň hemmelere ýylylyk paýlaýşy ýaly, ol ähli ynsanlara bagt hem paýlaýar. Ony duýmak üçin bolsa, edil Gün kimin ýylgyryp, adamlar bilen gatnaşykda hoşniýetli bolup , mähir paýlamagyň  özi hem ýeterlik. Şonuň üçin halkymyz öňünden çykan ynsanlara Salam bilen ýüzlenip, hal-ahwalyny sorap,  ertiriniň haýyrly, gününiň şowly bolmagyny, janlarynyň sag bolmagyny bir-birege arzuw edýär. Hoş niýetler bilen kalbyny dolduran ynsanlaryň rowaçly menzilleri asan külterläp aşmagynyň özi hem uly gudrat.

Biziň asuda, parahat Watanymyzda nura beslenýän ak daňlar bagt bolup atýar. Şol daňlary ýüze sylyp, meýilleşdirýän maksatlarymyz sary ädimleri ätmek hem ilkinji üstünlikdir. Özümiziň geljekde uly hem-de kämil derejelere ýetjek beýik işlerimizi asla gaýra goýman olaryň ilkinji basgançagyny goýup, süýt kimin ak, aýdyň  daňlary, göwünler deýin joşgunly, bagtyýar günleri şatlyga besläp geçirmek herimize nesip etsin! Sözümiň ahyryny Şahyr Kakamyrat Rejebowyň çuň mana eýlenen ajaýyp şygyry bilen jemläsim gelýär:

Al şapak görmese göwnüňde hoşuň,

Ir-säher dogmaga ýaýdanarmyşyn.

Gama däl, gudrata ýaýkada başyň,

Ýaşa, ak günleriň göwni galmasyn!

Gylyçmyrat Döwletow

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

IŇ TÄZE HABARLAR

Hazar düwlenleri: ýe­ke-täk süý­dem­di­ri­ji­

Dür­li guş­la­ryň, ba­lyk­la­ryň me­ka­ny bo­lan Ha­zar deň­zin­de olar­dan baş­ga-da leň­ňeç­ler, suw pyş­dyl­la­ry, suw ýy­lan­la­ry, düw­len­ler ýa­ly suw jan­dar­la­ry hem ýa­şa­ýar­. Süýdem­di­ri­ji­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li Ha­zar...

Türkmenistanyň Tebigy Gözellikleri

Ata Watanymyz Türkmenistanda ajaýyp tebigy gözellikler sanardan köp. Bugün Size www.tdh.gov.tm saýtyna ýerleşdirilen "Daşky gurşawy goramak häzirki we geljekki nesiller barada aladadyr" atly makalanyň...

Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar

Üýşmeleň bolsun, toý bolsun hemişe uly ýaşly adamlaryň berýän gyzykly gürrüňlerini diňlemek has-da ýakymly. Şol gün hem şeýle boldy. Toýa gatnaşýan ak saçly enelerimiz...

Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Peethambaran Nair bilen...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Älem giňişligine uly maýa goýumlar

ABŞ-nyň «SapceХ» kompaniýasy Pentagondan 2022 ― 2027-nji ýyllar aralygynda ýerli harbylar üçin älem gurluşlaryny uçurmak üçin 316 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Şeýle hem amerikan harbylary şol ýyllar aralygynda...

TOEFL synagyny geçmek isleýäňizmi?

Siz mekdebi tamamladyňyzmy? TOEFL synagyndan ýokary bal gazanmak kynçylygyny çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesindäki akademik okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? ABŞ-nyň ýokary...

Hepdelik täleýnama (9-15 awgust)

Hamal (guzy 21.03 — 20.04) Indi hamallara doly dynç almagyň wagty geldi. Öňümizdäki hepde siz maşgalaňyz bilen öýde oturyp süýji-süýji söhbetler edip, durmuşyň hözirini görmelisiňiz....

Türkmenistanda Mastercard – halkara töleg kartlary

MasterCard Maestro – bu kart kartlaryň içinde örän ýönekeýi. Nagt pul almak, söwda nokatlarynda hasaplaşmak ýaly hyzmatlary amala aşyrmak üçin niýetlenen. MasterCard Standard – bu...