8.9 C
Istanbul
01/04/2020 12:09
Home ATAWATAN ESERLERİ Üstünlik faktorlary

Üstünlik faktorlary

Üstünlik  näme? Belkide köp ýerde saýlanmakmy? Ýa-da saýlanylmakmy? Belkide käbir derejelere ýetmekmi? Üstünlik  sözüni alanymyzda üstünligi her ýollarda gazanyp bolar, ynha aýdaly meniñ doglan günüme bir dostum sms-habarnamasyny ýazypdyr “- durmuşda we işiñde üstünlik arzuw edýärin” diýip. Ilkinji nobatda üstünlige özüñ ylgamaklyk gerekdir. Üstünlik hem nesibedir. Ylgadygyñça saña ýakynlaşar. Durmuşda üstünligi nähili gazanyp bolar? Mysal hökmünde bir bolan waka göz aýlalyñ ” Men  kurs merkezine iñlis dilini berkitmek üçin goşmaça sapaklara gatnaýardym. Ol merkezde okyjylar üçin her dürli ýaryşlar geçirilýärdi. Ynha bir gün kitap okamak, iñ köp kitap okamak bäsleşigi geçirildi. Ýaryşda bir oglan bardy, dogrymy aýtsam adyny we doly tanamok. Ýöne mende şo hakynda gyzyklanma döredi. Ol özüniň planşeti bolmagyny isleýärdi. Şonda onuň kakasy kitap bäsleşiginde ýeňiji bolsaň planşeti alyp berjekdigini aýdypdyr. Oglan özüne maksat goýdy, bir maksada ýetmek üçin hem elinden gelenini etdi, birnäçe kitaplary okady. Ýaryşyň netijesinde iň köp kitap okan okuwçy ýaňkyja oglan boldy we ýeňiji saýlandy. Kakasy öz ogluna arzuw eden planşetini sowgat etdi. Diýmek onda, oglan üstünlik gazandy diysek hem bolar. Üstünlik gazanmak üçin hiç haçan basdaşlyk gerek däldir. Biriniň eden işini ýa-da hereketini gaýtalamaly däldir. Bir söz bardyr, “öz ekeniňi özüň orarsyň.” Üstünlik hem saňa görädir. Üstünlik gazanmak üçin alçak bolmalydyr. Dogrysy, üstünlige ýetmedik adam barmy? 5 barmak deň bolmaýşy ýaly hemmeleriň pikiri deň bolup bilmez. Üstünlige hemme adam ýetip bilýändir. Ýöne üstünlige ylgamadyk adamlar bar bolup biler. Köp okamak köp pikir etmek adamyň gözýetimini ösdürer. Kitap bu seniň içiñi okaýar, kitaby hem sen okaýarsyñ.  Diýmek öz özüňi terbiýelemek bolýar. Pikirleriňiz dury bolsun. Dogry oýlanmak gerekdir. Üstünlik gazanmak üçin birnäçe ýollar bardyr. Ýolda birnäçe gezek ýykylarsyň, ýöne sen ýene-de galmalysyñ. Ynha aýdaly bir maksat tutunup özüñi galdyrmak ýa-da dolandyrýan kärhanañy ösdüresiñ gelýär. Ÿöne birnäçe gezek şowsuzlyga uçramagyñ ahmal. Ýykyldym diýip hiç zatdan boýun gaçyrmaly däldir. KFC kompaniyasynyň esaslandyryjylarynyň biri bolan Kalonel Sandersiň aýdyşy ýaly, ol özüniň üstünlige ýetmek üçin 1009 gezek ýykylandygyny, şowsuzlyklarynyň bolandygyny aýtýar. Ýöne Kalonel öz ynamyny ýitirmeýär. Durmuşyň sowsuzlyklaryna, kynçylyklaryna barabar öz umydyny hiç wagt gaçyrmaýar we diňe öňe ymtylmagyny dowam edýär. Netijede,  Kaloneliň işi 65 ýaşynda ýola girip,  millioner statusyna 88 ýaşynda eýe bolýar. Kaloneliñ bişiren naharlary, towuklary ony üstünlige getirýär. Diýmek, üstünlige ýetmek üçin esasy faktorlaryň ýene biri özüňe bir maksat goýmak, sowsuzlyklara garamazdan umydyňy ýitirmezlik we öz maksadyňa ymtylmakdyr.

Ýene belläp geçenimizde, ilkinji çyrany oýlap tapan alym Tomas Edison, ýagny onuñ şowsuzlyklary hem-de üstünligi. Tomas şeýle diýýär “men 999 gezek şowsuzlyga uçradym, men diñe açyş üçin hereketlendim, asla bes etmedim” diýip belleýär. Tomasyñ oýlap tapan çyralary köýýär, ol birnäçe gezek täze tejribeler etse-de, ýene şowsuz bolýar. Yzygider tejribeleriň iň soňunda 1000-nji gezeginde şowly geçyär. Diýmek, üstünlige ýetmek üçin zähmet çekmek ilkinji nobatda durýar. “Çekseñ zähmet, ýagar rehnet” diýip könelerimiz ýönelige aýdyp geçmändirler. Özüñde beslän arzuwyña ýetmek üçin diñe zähmet çekmelidir. Zähmet çekmegiñ ýagny halal gazanjyñ utanjy ýokdur. Eýsem özüm hakda aýdanymda men kiçiligimden entek dünýäde aýdylyp geçilmedik bir hekaýa we ssenariýa düzesim gelýär. Ýöne şu güne çenli birnäçe şowsuzlyga uçuradym. Ýöne men entegem umydymy üzemok. Çagalaryñ edep-terbiýesi, ýagny gyzyklyja hekaýalar toplumyny açasym gelýär. Men ynanýan, belki bu meniñ ýetmeli üstünliklerimiñ biridir.

Wolt Disney, belki hemmeler tanaýandyr? Elbetde, bu çagalary özüne çekmäge çalyşan Wolt. Disneý barada gysgaça aýdanymda ol çagalar üçin gyzykly multfilmleri we başga-da birnäçe gyzyklanmalary döretýär. Ol özüniň arzuw edip açan birnäçe studiýasy ýapylýar. Ol hiç umydyny üzmeýär, ol özüni sungata bagyş edýär. Öz işiniñ üstünde birnäçe gezek işleýär. “Disneý” özüniñ erkek dogany bilen Golliwudda ilkinji studiýalaryny açýar we “Disneý” sözüni studiýasynyñ adyna dakýar. “Disneý” ýer ýüzünde belli. “Disneý” çagalar üçin multfilm däl-de eýsem maşgala üçin aýlanmana we dynç almak üçin parklary hem döredýär. “Disneý” özüniñ üstünligine eýe bolýar. Üstünlik – bu seniñ zähmetiñdir.

Üstünligi başga ýollar arkaly hem oýlanýanlar bolup biler. Ynha aýdaly men lotereýa utdum, men awtoulag gazandym, bu nähili üstünlik bolup biler, eýsem bulam üstünlik, men beýle basym ýagdaýda nädip gazandym? Ikinji mysal getirenimizde, men köp wagtlap zähmet çekdim, öz kärhanamda uly ösüşlere eýe boldum, köp şowsuzlyklara gabat geldim, eden işimiñ netijesine görä men awtoulaga mynasyp boldum. Men bu ýerde üstünlik gazanmagyñ iki usulyny görkezdim. Birinji, men bijede özümiñ ýeñiji boljakdygymy ynandym, ruhumy belent tutdum. Özüme ynandym, hem-de dileg etdim. Belki nesibämde bar bolsa şu awtoulagy gazanyp bilerin diýdim. Onda üstünligiñ şu görnüşi nesibe bilen baglanşyklydyr. Üstünlik bu hem nesibedir. Ikinji, men kärhanamy ösdürmek üçin gije – gündiz işledim. Maksadyma ýetmek üçin ylgadym, köp zähmet çekdim. “Yhlas bilen aglasañ sokur gözden ýaş çykar” diýlişi ýaly, eden işime yhlas bilen ýapyşdym. Öz arzuw eden baýragyma eýe boldum.

Günde hemme adamlaryñ ýigrimi dört sagady bar. Şolardan üç-dört sagadyny öz üstüňde işlemek üçin sarp edýär. Emma ” men hiç hili wagtym ýok, men ýetişip bilemok” diýýän adamlar hem bar, başgaça aýdanymda bu ýaltalykdyr. Öz-özüñi ösdürmek we üstünlige ýetjek bolsañ sen saňa berilýän wagtyň dörtden bir bölegini özüñe sarp etmegiñ gerekdir.

Yhlas Seýtiýew, esger.

SON HABERLER

YÖK’ten Öğrenciler için Kayıt Dondurma ve Erteleme Hakkı

Yükseköğretim Kurulunun (YÖK) resmi web sitesinde yer alan habere göre, YÖK, üniversite öğrenciler için kayıt dondurma ve erteleme hakkını vermektedir. Yükseköğretim Kurulunca (YÖK) alınan yeni...

Hytaý döwletiniň gadymy şäherleri

Daksu – bu gadymy şäher mundan 2000 ýyldan ozal döräpdir. Orta asyrlarda şäheriň iň gülläp ösen döwri bolupdyr. Şol döwürde ilatyň ýaşaýjylary Li derýasy...

Haýwanlaryň Haýyşnamasy

Haýwanlaryň Öz Hak-Hukuklary Hakynda Haýyşnamasynyň Türkmençe Nusgasy Heý, siz ömrüňizde  haýwanlaryň ýazan arzasyny ýa-da haýyşnamasyny okap görüpmidiňiz?! Onda, ynha, baş üstüne, meniň elimdäki nusgasyny  okap...

Türkmenistanyň Prezidenti Içeri işler ministrliginiň institutyna baryp gördi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

ÇOK OKUNANLAR

Kakama Gowuşmadyk Hatlar

Kaka, soňky günler sabrym ýetenok, Garaşmaga, göreşmäge, ýeňmäge. Umydymy baýdak edip gezsemde, Haýry ýetmez gussalarmy kemmäge.

Geografyň gutlagy

Hormatly “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň okyjylary we bäsleşige gatnaşýanlar! Siziň hemmäňize bäsleşikde uly üstünlikler ýar bolsun, galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!

Huşum birýana

Aşyk bolup öz obamyň gözelne, Aklym haýran gitdi, huşum birýana, Janym gurban geljegine, ezelne, Gamym birýan gitdi, joşum birýana.

Bagyşla diýmäge derek

Yşk ýüpüni üzäýjekmi, Ýürekden söýmäge derek? Aýralyga dözäýjekmi, «Bagyşla» diýmäge derek?