5.8 C
İstanbul
19/02/2020 8:20
Ana Sayfa ATAWATAN ESERLERİ Üstünlik – bu özüňe ynanmakdyr!

Üstünlik – bu özüňe ynanmakdyr!

Üstünlik nämedir? Üstünlik – daş-töweregiňdäki adamlaryň sözlerine gulak asman, diňe özüňe ynanmakdyr. Biziň daş-töweregimizi gurşap alýan bu uly dünýäde köplerçe meşhur adamlar bar. Olardan Lionel Messi, Kristiano Ronaldo, Arnold Şwarsenegger, Usein Bolt, Bil Geýts we ýene-ýene sanap otursaň sanap oturmaly. Bu agzap geçen atlarymyzyň arasynda türgen-de bar aktýorda, Bill Geýts bolsa dünýäniň iň baý adamydyr. Şu ynsanlaryň hiç biri hem ýatan ýerinden ýokary derejelere ýeten däldirler. Olar türgen bolmak üçin köp türgenleşendirler, aktýor bolmak üçin köp okandyrlar we beýleki hünärlerde hem adamyň öz-özi meşhur, üstünlikli bolan däldir. Sebäbi bu durmuşda ynsan balasy öz-özünden işlemän, zähmet çekmän üstünlige ýetip bilýän bolan bolsa, onda Ýeriň ýüzünde ýaşaýan ähli adamlar hem bu gün meşhur, üstünlikli adamlar bolardy. Şonuň üçin hem üstünlige ýetmek üçin köp okap, bilimiňi artdyrmaly.

Ýokarda hiç bir adam hem ýatan ýerinden ýokary derejelere ýeten däldir – diýip belläp geçipdir. Dogry, hiç bir adam ýokary derejelere okaman, öwrenmän ýetip bilmez. Şonuň ýaly adamlaryň biri hem hemmämiziň bolmasa-da köpümiziň tanaýan Terminator filminiň baş gahrymany Arnold Şwarseneggerdir. Ol hem çagalykda köp-köp kynçylyklara sezewar bolmagyna garamazdan, bu gün dünýäniň iň meşhur aktýorlarynyň biri. Ol öz geçmişi barada: «Okuwa gatnaýardym, türgenleşige-de. Onuň daşyndan her gün 5 sagat gurluşykda-da işleýärdim. Sebäbi ol wagtlar türgenleşik edýänlere hiç hili hak tölenmeýärdi. Güzeranymy aýlamaga-da pulum ýokdy. Şonuň üçinem işlemeli bolýardym. Hepdede 4 gün agşam sagat 8-den gije sagat 12-ä çenli dowam edýän aktýorçylyk kursuna-da gidýärdim. Şularyň hemmesine-de ýetişýärdim! Bir minudymy hem bihuda sarp etmeýärdim. Şeýdibem, men şu günki derejäme ýetdim» – diýýär. Hawa, biziň köpümiz Arnold Şwarseneggeriň başyndan bular ýaly kynçylyklaryň geçendigini bilmeýän hem bolup bileris. Başga-da dünýä belli boksçy Muhammet Aly hem köp türgenleşýän eken. Bir gün ol türgenleşip ýörkä onuň ýanyna bir habarçy gelip, «Siz näçe gezek pres edýärsiňiz?» diýip sorady. Muhammet Aly oňa: «Men agyry duýýançam sanap başlamok» diýip jogap berdi. Ine, muňa hakykatdanam türgenleşmek diýerler. Eger köp türgenleşmeýän bolsaňyz, bary biderek. Diňe türgenleşmeli!

Üstünlige ýetmek üçin diňe okamaly, türgenleşmeli, zähmet çekmeli. Hiç bir adamyň zehini başga bir adamyňkydan köp däldir. Adamyň zehini adamda dogabitdi ýagdaýda bar bolýar. Ýöne käbir adamlar özlerine göwnüýetmezçilik edip, başarjak işlerine hem men muny edip bilmeýärin diýip, başdansowma jogap berýärler. Hakykatda bolsa şol adam hem özüne ynanyp, zehinini ulanmagy başarsa, ol adam hem üstünlige ýetip biler. Şonuň üçin daş-töweregiňdäki adamlara gulak asman, diňe özüňe ynanmalydyr. Okamak, türgenleşmek, zähmet çekmek bularyň hemmesi hem biziň gündelik durmuşda ýerine ýetirýän işlerimiz. Ýöne bu işleri günde ýerine ýetirýän bolsagam, bu biziň üstünlige ýetmegimize ýeterlik bolmaýar. Üstünlige ýetmek üçin bolsa, bu işleriň içine aralaşmagymyz gerek. Meselem, biz bir gün edebiýat sapagynda Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligini geçdik. Biz bu temany öwrenenimizde diňe kitapda görkezilen maglumatlary okap, öwrenýäris. Bu biziň üstünlige ýetmegimize ýeterlik bolup bilermi? Elbetde, ýok. Sebäbi her bir tema barada içgin gyzyklansaň, ylym bize başga-da bir gapyny açyp görkezýär. Şonuň üçin ylymyň soňuna ýetmek mümkin däl. Bu barada rowaýatlaryň birinde:

Bir obada ylymly-bilimli bir adam ýaşar eken. Onuň ylymyny görenler haýran galarmyşlar. Ol eline düşen her bir kitaby hökman okap, öwrener eken. Onsoň bu adam obanyň kitaphanasyndaky kitaplaryň barysyny okap öwrenipdir. Soňra bolsa alys ülkelere hem gidip ylym-bilim öwrensem kemä bolmazdy diýip, bu adam ýurdundan çykyp gitmek üçin taýýarlanyp başlapdyr. Oba ilaty bu adamy ugratmak üçin gelenlerin-de adamlaryň arasyndan biri çykyp: «Siz obadaky hemme kitaplary öwrendiňiz, biz bolsa o kitaplaryň ýarysyny hem gutaryp bilemizok. Başga ýurtlara gidip, ylym-bilim öwrenmek size nämä gerek boldy?» – diýip sorapdyr. Ylymly-bilimli adam bolsa: «Oglum, ylymda-bilimde gutarmaklyk diýlen zat ýokdur. Men bu kitaplary okap, öwrensemem, men ylymyň aňry çägine ýetemok, ýetibem bilmerin. Siz hem meniň ýaly yhlas edip, özüňize ynansaňyz, bu kitaplarda näme alys ýurtlardaky kitaplary hem okap, gutaryp bilersiňiz» – diýipdir. Rowaýatdan görnüşi ýaly adam hiç haçan men bu işi dyndym, diýip oturmaly däl. Başga bir işe başlamaly. Hormatly Prezidentimiziň «Paýhas çeşmesi» atly kitabynda bu barada birnäçe nakyllar hem getirilýär. Olardan «Ir turan işinden dynar», «Ýatan öküze iým ýok», «Galan işe gar ýagar», «Bu günki işiňi ertä goýma» we ş. m.

Adamlaryň hemmesi isleseler, özlerine ynansalar üstünligiň ýokary derejelerine çenli ýetip bilerler. Hiç hili jadyly açaram ýok, başga ýolam ýok. Diňe yhlas etmeli, özüňe ynanmaly.

Eziz Tatarow

Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine

ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy.

SON HABERLER

Üstünlik

Dünýäde ýaşamaklygyñ özi biziñ paýymyza düşen üstünlik. Ol üstünligiñ köki ahlak, sütüni wyždan, ýapragy ýaşaýyş, özeni "adam" diýen mukaddes ada mynasyp bolmak. Oýlanyp göreliñ... Ahlak...

Säheriň kalbynda päklik bar ýa-da ilkinji ädimler säherde ädilýär

Hal atan säheriň keşbine bakyp, nazarymy uzaklara dikýärin. Bu görnüşe bakanymda, näme üçindir, her gezegem säher gözýaş döküp kalbyny päklän derwişler göz öňüme gelýär. Belki-de,...

Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar

Hemmeleriň bilýän, emma üns bermeýän hakykaty hakynda Hemmeleriň üstünlik gazanasy gelýär. Eýsem, üstünlik bu näme? Düşündirişli sözlüklere göz aýlasak, üstünlik – birinden üstün bolmak ýa-da ...

Uzak ýaşamagyň syry

Adamlaryň hemmesi bolmasa-da, köpüsi uzak ýaşamak isleýär. Iň bolmanda, meniň gatnaşyp ýören adamlarym-a şeýle. Doglan günlerde ýa-da täze bäbek doglanynda hökman uzak ýaş dilenilmegi...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

ÇOK OKUNANLAR

Kakama Gowuşmadyk Hatlar

Kaka, soňky günler sabrym ýetenok, Garaşmaga, göreşmäge, ýeňmäge. Umydymy baýdak edip gezsemde, Haýry ýetmez gussalarmy kemmäge.

Geografyň gutlagy

Hormatly “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň okyjylary we bäsleşige gatnaşýanlar! Siziň hemmäňize bäsleşikde uly üstünlikler ýar bolsun, galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!

Huşum birýana

Aşyk bolup öz obamyň gözelne, Aklym haýran gitdi, huşum birýana, Janym gurban geljegine, ezelne, Gamym birýan gitdi, joşum birýana.

Bagyşla diýmäge derek

Yşk ýüpüni üzäýjekmi, Ýürekden söýmäge derek? Aýralyga dözäýjekmi, «Bagyşla» diýmäge derek?