30/11/2020 6:12
Home ATAWATAN ESERLERİ Söýgi bilen ýetilen sepgit

Söýgi bilen ýetilen sepgit

Merjen  bir öýüň lälijek, akyllyja gyzydy. Eje-kakasynyň söýgüsi onuň üçin mukaddesdi. Ol şonuň üçin özüni diýseň bagtly hasaplaýardy. Mekdepde göreldeli okap, buýrulan işi birkemsiz ýerine ýetirýärdi. Merjeniň Maksat we Suraý atly jigileri bardy. Merjen birinji synpa gadam basanda Suraýjyk dünýä inipdi. Şonuň üçin ony aýratyn söýgi bilen gurşap alardy. Merjen Suraýjyk dünýä inende ejesiniň söýgüsini gysganmanam durmady.  Emma wagtyň geçmegi bilen muňa kaýyl bolmaly boldy.

Merjen öýüň uly gyzy bolany sebäpli, aýdan zadyna garşylyk görkezilmeýärdi. Şonuň üçin ol öz durmuşyndan razydy, hemişede şeýle bolar öýdýärdi…

Merjen mekdebi tamamlady, onuň ýokary okuw mekdebine girmek arzuwydy. Mekdebi tamamlan ýyly Merjeniň ejesidir kakasy ulag heläkçiligine uçrap aradan çykdy. Merjen özüni alyp bilmedi. Ähli zat Merjen üçin ýalan ýalydy. Asman gara bulutlara bürendi, şuwlap gelen gara ýel durmuşyny tersine öwürdi-de oturyberdi.

Merjeniň owadan gözleri, guran çeşmä öwrüldi. Hyýalynda ejesidir kakasynyň gujagyna dolup, mähribanlaryna gowşardy. Özi gürläp, özi gülýärdi, birdenem aglaýardy. Ol indi näme etmeli?! Jigilerini görüp, mert bolmalydygyny bilse-de, ol güýji özünde jemläp bilenokdy. Durmuşyň derdeseri oňa has agyr gelipdi.

Merjen ýokary okuw mekdebe girmekden el çekip, işe ýerleşdi. Ol öz jigileri-Maksat bilen Suraýy gorap, gol-ganat bolmalydy. Merjen işledi, hem jigilerini okatdy. Gijeleri duýgy dünýäsinde ýüzüp, akja kepderi ýaly al-asmanda pel-pelläp uçasy gelerdi. Sessiz aglap, hyrçyny dişlärdi. Ejesiniň gyzynyň başyny sypap, bagryna basan gijelerini kino lentasy ýaly hyýalynda janlandyrardy. Säher bilen ýene täze güne oýanyp, döwrüň hereketine görä gadam basardy.

Maksat okuwyny tamamlady. Ol hem işe ýerleşip, Merjene goldaw bermek isledi. Merjen muňa kes-kelläm garşy çykdy. Ejesidir kakasynyň arzuwyny amala aşyryp, ýokary okuw mekdebine girmegini isledi. Maksat Merjeniň diýeni bilen razylaşmaly boldy. Isleýşi ýaly hem boldy, Maksada talyp bolmak bagty miýesser etdi.

Okap bilersiňiz  Üstünligiň Syry

Merjen Suraýjygyň  ejesi ýaly bolup, ony zada zar etmedi, ýüzüni soldurmady. Suraýda geljege bolan ynam, ýaşaýşa bolan höwes döretdi. Suraý Merjen otursa oturardy, tursa turardy, sözünden çykmazdy.

Suraýam mekdebi tamamlady, ol hem ýokary okuw mekdebiniň talyby boldy.

Merjen gündizleri iş bilen başagaý bolsa-da, gijelerine ýassygyna gyşarardy-da, içi-içine sygman sojardy. Galpyldardy. Dyňzap gelen agysyny daşyna çykarmakdan ätiýaç edip ejir çekerdi.

Gyzyň ýüreginde ençeme ýyllap gubar baglan gussa kemeliberenokdy.  Ol öz bolşundan howatyrlanýardy.

Gyzyň gulagyna ejesiniň mylaýym sesi ýaňlanardy…. Ol öz-özi bilen hümürdeşýärdi, uludan demini alyp zarynlaýardy.

-Wah, käbäm, ýanymda bolan bolsaň, men şunça dert bilen ýaşardymmy? Maňa siz ýeteňizok, mähribanlarym…

Merjeni  sorap gelýänleriňem yzy üzülenokdy, ýöne Merjen jigilerine bolan söýgüsi üçin öz geljeginden el çekipdi. Indi Maksadyň okuwy tamamlamagyna garaşýardy. Ol öz ýanyndan özi begenýärdi, Maksadyň geljek ýoluna garaýardy.

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň Prezidenti Goşulyşmazlyk Hereketiniň Sammitine Gatnaşýar

Maksat okuwyny tamamlap geldi, okan ýokary okuw mekdebi degişli ýere işe ugratdylar. Indi Merjeniň  ýüki öňküsinden ýeňledi.

Merjeniň daýzasy uzak ýoldan gelipdi, Merjen daýzasyny görenine diýseň begendi. Ol daýzasyny ejesine meňzederdi, ol hem ejesi ýaly ýumşak, mähirli aýaldy. Ogulsoltan daýza saý sebäp bilen şähere gelip, ýegenleriniň halyny sorap, az wagt hem bolsa aralarynda bolmagy maksat edinipdi.

Bir gün  garaşylmadyk ýerden sawçy gapyny kakdy. Bu oslagsyz gelen myhman daýzasynyň göwnüne ýarady, emma Merjen goldamady, kimdigi hakda sorajagam bolmady. Ol daýzasyna:

  • Daýza jan, men Maksady gözli-başly etmän, nädip bu öýden gidip bilerin. Suraýjanam meni ejesinden pes görenok. Oňa umyt bolup ýörkäm, men öz ojagymy goýup gitsem, ejizledigim bolmazmy?!

Daýzasy myhmanlara ýyly söz berip ugratdy. Olar hakykatdanam, adam çykýan maşgalady, ogullary Serdar ýokary okuw mekdebini tamamlap gelipdi. Ol Merjeniň synpdaşydy. Serdar Merjeni mekdep döwründen halaýardy, emma oňa ýürek syryny bermäge ýaýdanyp daşyndan guwanyp gezipdi. Merjeniň durmuşynyň ýowuz synagyndan-da habarlydy. Ol talyp döwri daşky gulaklardan Merjen hakda gyzyklanyp, onuň mert, erjel gyzdygyna daşyndan guwanýardy, oňa bolan söýgüsi hasam güýjeýärdi.

Okap bilersiňiz  Duýguçyl  gyz

Merjen bir gün säher bilen işe barýarka, gapdalyna bir ulag saklandy:

  • Merjen mümkin bolsa aýak çekäýdä…

Ol hiç zada üns bermedi-de duralga tarap ýöneldi. Serdar ulagdan düşüp, Merjeniň ýanyna bardy.

  • Merjen bir minut aýak çekäýdä. Men synpdaşyň Serdar.

Merjen owadan  gözlerini Serdara tarap gönükdirdi. Serdar çalaja ýylgyryp Merjene seredende, Merjene nazary kaklyşdy. Merjen utanjyna ýere garap:

-Serdar, bu senmidiň asyl?! Gör, sen nähili üýtgäpsiň. Işe ýerleşenligiň hakda daş gulakdan eşidipdim. Abraý al, ýoluň elmydama ýagty bolsun!

Serdar minnetdarlygyny bildirip:

-Merjen, seň durmuşyňdan men habarly, men elmydama daşyňdan guwanyp gezdim. Agyr günleri başdan geçirdiň, sen muňa garamazdan, durmuşdan gaçmadyň. Mydam dik durup, durmuşyň üçin göreşdiň, jigileriňe bolan söýgüň seni arzuwlaryňdan-da el çekdirdi. Olary birkemsiz ýetişdirdiň. Indi azajyk öz durmuşyň hakda pikir etseň, kem bolmazdy.

Merjeniň gyzaran ýaňagynda biraz ünji peýda boldy-da, soragly nazaryny Serdara tarap gönükdirdi. Serdar sözüni dowam etdi:

– Merjen, men size sawçy ugratdym. Senden ýyly söze garaşýan.

Serdar sözüni tamamlanyndan, Merjen hoşlaşmak maksady bilen başyny ýaýkap, arany açanyny kem görmedi.

Merjen Serdaryň özi hakyndaky pikirlerini bilenden soň, hyýalynda Serdary janlandyrdy. Mekdep döwrüni ýadyna saldy.

Merjen bir gün gijara işe gümra bolup otyrka, Maksat ýanyna gelip, nämeden söz açjagyny bilmedi. Merjen aňdy-da edip oturan işini gyra süýşürdi-de, jigisiniň halyny sorady. Maksat aýal doganynyň indi özleri üçin däl-de, Merjeniň hut özi üçin ýaşamalydygyny ýaňzytdy. Serdaryň sawçy iberendigini, daýzasynyňam özüniňem garşylygy ýokdugyny beýan etdi. Sözüniň soňunda hem:

  • Eger, şu öýe gelin gelende, sen hem bagtly bolýan bolsaň, men seň saýlan gyzyňa öýlenmekçi. Ýöne, senem biz üçin öz bagtyňy pida etme.
Okap bilersiňiz  Belarus'dan Türkmenistan'a kamyon tedarik teklifi
Okap bilersiňiz  Gaýnag suwuň peýdalary

Merjeniň ýaňagyndan syrylyp gaýdan gözýaşyny Maksat görmedi. Ol oturan ýerini içgin synlady, göýä diýersiň, ebedilik ojagy bilen hoşlaşýan ýalydy. Ol jigisini bagryna basasy geldi, emma mundan ejap etdi. Çala pyşyrdap:

-Mähribanlarym, siziň söýgüňiz bizi bagta ýetirdi. Balalaryňyzyň bagtyny  sizem gören bolsadyňyz…

Gülälek SÖÝEŞOWA,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň

daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen

2-nji orta mekdebiň mugallymy.

 

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip,  şol ýerden  “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Saýlaw möwsümi başlaýar : Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Okap bilersiňiz  Söýmek söýülmek bagty
Oňa Merkezi...

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny...

“Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. 1.10. Ady agzalan türkmen romanyndaky “Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda gysgajyk maglumat Sagdyn düşünje sapaklaryna geçmezden...

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Gazanç  gazanmak maksady bilen biznese baş goşýan, bazardaky haýsyda bolsa bir  kemçiligi aradan aýyran we töwekgelçilik eden şahsa telekeçi diýilýär. Telekeçilik işini ýa-da bu...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Dünýä belli futbolçy Maradona aradan çykdy

Dünýä belli futbolçy, köp sanly futbol muşdaklarynyň ýüreginde orun alan türgen Diego Armando Maradona aradan çykdy. Ady rowaýata öwrülen bu futbolçynyň aradan çykmagy sebäpli...

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini berer

Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna lukmançylyk enjamlary, azyk, dokma hem-de hojalyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwer kömegini berer. Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň...

Türkmenistan sebit we global ekologiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berýär

«Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisiniň barşyndaky çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň ekologiýa ugry boýunça nukdaýnazaryny beýan etdi. Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy «Merkezi...

Kosmosdaky zibiller arassalanar

Ýewropa orbitadaky kosmos zibillerini arassalamagy göz öňünde tutýar. Munuň üçin 102 million dollar sarp ediler. Ýewropanyň Kosmos agentligi Şweýsariýanyň “ClearSpace SA” kompaniýasy bilen bu ugurda...