“Atawatan Eserleri Bäsleşigi”: ýeňijimiziň ýürek buýsanjy

Mälim bolşy ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli  “Ata Watan Eserler”  döredijilik bäsleşigini gurnady. Ol “Söýgi – durmuşyň özeni” mowzugy bilen geçirilip, oňa diňe ýurdumyzdan däl, eýsem dünýäniň beýleki ýurtlarynda bilim alýan raýatlarymyzyň hem gatnaşmagynda geçirilen bäsleşigimiz giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi.

Bäsleşigimizde birinji bolup, baş baýragymyza mynasyp bolan awtorymyz Gülälek Söýeşowanyň ýürek arzuwlaryny size ýetirýäris.

– Men Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň mugallymy Gülälek SÖÝEŞOWA:

Men “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň redaksiýasynyň gurnamagynda “Söýgi-durmuşyň özeni” ady bilen geçirilen bäsleşige gatnaşyp, 1-nji orna mynasyp bolmagy başardym.

Ýaşaýşyň gözbaşy söýgi bolany üçin, bäsleşigiň mowzugy hem biz üçin gowy saýlanylan mowzuk boldy. Söýgi hakda köp sanly awtorlar Watana, ene-atasyna, ogluna, öz söýer ýaryna bolan söýgüsini wasp edip eserler bilen gatnaşdylar.

Okap bilersiňiz  150 million pul baýrakly boks duşuşygy

Bäsleşik örän gyzykly ýagdaýda etdi. Bäsleşigiň ýeňijilerini yglan ediljek güne sabyrsyzlyk bilen garaşdyk. Şol eserleriň arasynda 1-nji orna mynasyp bolmagym meni aýratyn begenç bilen gurşap aldy. Şeýle bäsleşikleri gurnaýan “Atawatan” halkara žurnalynyň redaksiýasyna öz minnetdarlygymy bildirýärin.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy