TESWIRLER

Atalar Sözi :Onlaýn sapak

Salam hormatly “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň okyjylary! Türkmen atalar sözi sapagymyza hoş geldiňiz!

 Salamdan soňky sözümizi “Atalar sözi näme?” diýen sorag bilen başlamagymyz ýöne ýerden däl, sebäbi biz bu meseläni içgin öwrenmekçi  bolýarys. Göräýmäge aňsat sorag ýalydyr, düşündirmeklige gelende welin, biraz ýaýdanýarys. Diňe biz däl, eýsem käwagt sözlükler hem ýaýdanýar. Geliň, bir sözlükden düşündiriş nusgasyny gözden geçireliň: à Atalar sözi edeb. türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi. Atalar sözi – akylyň gözi (Nakyl)” [TDDS, I, Aşgabat, 2016:86].

Aslynda bu düşündirişden atalar sözüne degişli maglumaty tapmak aňsat däl. “Türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşidigi” baradaky maglumata ýalňyş diýmeýäris, ýöne şol maglumatyň atalar sözüniň nämedigini düşündirmekden ejiz gelýändigini beýan etmek isleýäris. Başgaça aýdanymyzda, “Atalar sözi näme?” diýen soraga anyk jogap berip bilmeýär. Bu aýdanlarymyz tankyt däldir. Ýatdan çykarmaň, biziň maksadymyz tankyt etmek däl, eýsem atalar sözüniň nämedigini öwrenmekdir. Hut şu maksat bilen höwesek okyjylara ýörite sapak bermegi göz öňünde tutduk.

 TÜRKMEN ATALAR SÖZINIŇ 1-NJI SAPAGY

 Hormatly “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň okyjylary! Žurnalda açylan ýörite sapagymyzyň ady: Atalar sözi sapagy.

 Atalar sözi sapagyna hoş geldiniz! Atalar sözi –türkmenleriň durmuşdaky sapaklarynyň üýtgewsiz özüdir.

Hormatly okyjylar! Žurnalyň ady “Atavatan Türkmenistan” bolandygy üçin, uzakdan boljak sapagymyzyň mowzugy-da TÜRKMEN ATALAR SÖZI bilen baglanyşykly bolsun diýdik.

Atalar sözi, uzak wagtlap durmuş synagyndan, iş tejribesi gözegçiliginden geçirilip, halk tarapyndan anyk karar hökmünde kabul edilen öwüt beriji, ýol görkeziji sözlerdir.  

Dogrusyny aýtmaly bolsak, şu wagta çenli atalar sözüni öwrenmeklige we olary ýaşlarymyza öwretmeklige ýeterlik derejede üns bermedik. Olary diňe edebiýat sapagynda ýa-da dil sapagynyň gönükmelerinde öwredilmelidir öýtdük. Mekdep okuwçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň atalar sözüni biliş we ulanyş derejesini henize çenli hasaba almadyk. Atalar sözi dilçilerdir edebiýatçylary, şahyrlardyr ýazyjylary gyzyklandyrar diýip deňinden geçip gidiberdik. Hakykatynda beýle bolmaly däldi.

Biziň pikirimizçe, Türkmen atalar sözi sapagy hemmeler üçin ders bolmalydyr. Özi-de edebiýat we dil dersleriniň içinde däl, eýsem özbaşdak, ýörite we mejbury ders diýlip hasaba alynmalydyr. Mekdepleriň ähli synyplarynda we Ýokary okuw mekdepleriniň hemme fakultetleridir bölümlerinde ýörite ders hökmünde okadylmalydyr. Çünki, bu sözleriň özeninde türkmenleriň irki döwürlerden bäri dowam edip gelýän dünýägaraýşy, akyl ýetiriş derejesi, aň-düşünjesi, pähim-paýhasy, gözýetimi, medeniýeti ýatýar. Bular türkmen milli düşünjesiniň geçmişde geçen ýoludyr, bu babatda ýeten sepgididir. Bulary içgin öwrenmän, özleşdirmän, türkmen ýaş-ýetginjekleriniň dünýägaraýşyny ösdürmek, olaryň döwrebap düşünjesini, ukypdyr başarnyklaryny kämilleşdirmek mümkin däldir.

Elbetde, bu meniň şahsy garaýşym. Bu pikirimize goşulýanlar-da, goşulmaýanlar-da bolup bilerler. Atalarymzyň “Akyl akyldan sowaşyk” diýişleri ýaly, bu babatda başgaça düşünýänleriň hem bolup biljekdigini asla inkär etmeli däldiris.

Atalar sözi türkmenleriň iň gadymdan bäri dowam edip gelýän maşgala mekdebiniň esasy dersleriniň biridir. Maşgalabaşynyň (ata, baba, ata-baba; atalar, babalar) ady bilen atlandyrylmagy-da onuň öwredijilik häsiýetini delillendirýär.

Hormatly okyjylar!

Mähriban ýaşlar!

-Siz, atalar sözüniň türkmen halkynyň döreden düşünjeleridigini anyk bilmelisiňiz;

-Siz bu düşünjeleriň türkmen halkynyň durmuş tejribelerine esaslanýandygyna anyk göz ýetirmelisiňiz;

-Siz bu düşünjeleriň her biriniň uzak wagtlap türkmenler tarapyndan durmuş synaglaryndan, iş gözegçiliklerinden geçirilendigini bilmelisiňiz.

Jemläp aýdanymyzda, sapagyň esasy maksadynyň türkmen halkynyň durmuş dersleriniň üýtgewsiz özi bolan atalar sözüni içgin öwretmekden ybaratdyr.

Atalar sözüne degişli jogapkärçiligiň uludygyna düşünýärin. Galyberse-de, gürrüňi edilýän atalar Türkmenleriň atalary bolsa, onda bu jogapkärçiligiň iki esse artjakdygyna-da gözüm ýetýär.   

Aslynda Atalar sözüni bir tarapdan ata-babalarymyzyň durmuş dersleriniň üýtgewsiz özi hökmünde kabul edýärin, beýleki bir tarapdan-da, olaryň bize galdyran milli mirasy diýip hasaplaýaryn.

Hormatly “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň” okyjylary! Nätjek, halanmasa-da sapagy soragdan başlamak häsiýetimiň bardygyny öňünden aýdaýyn.

Hormatly ýaşlar! Biz sapaklarymyzda Türkmen atalar sözüniň dürli nusgalaryny öwrenmekligi göz öňünde tutýarys. Ilki bilen “atalar sözi” adalgasynyň taryhyna garap geçeliň: Has dogrusy taryhy sahypalarymyzdan başlalyň, taryhy maglumatlary öwrenmekden başlalyň!

Gadym döwürlerden bäri dowam edip gelen adalganyň aslynyň “atalar sözi” bolandygyny irki çeşmelerden öwrenip bilýäris.

Ynha, Alyş Alyýewiň  1913-nji ýyldaky “Ýengi usul türkmen mektebi” diýen kitabyndan alnan iki sany nusga:

1.Ýatan öküze iým ýok.

2.Merdden tilek eden naumyd aýrylmaz.

Geliň, bu nusganyň birinjisini ýakyndan derňäp öwreneliň:

Düşündiriş: “Ýatan öküze iým ýok” diýen atalar sözi baryp-ha 1913-nji ýyldan bäri okuw kitaplarymyzdan düşmän gelýär. Bu atalar sözüniň okuw kitaplaryna girenine tegelek ýüz ýyldan gowrak wagt geçipdir.

Atalar sözüni içgin öwrenmek nämeden başlanýarka? Eýsem, bu nusga haýsy tematik topara degişlikä? Onuň tematik toparyny nädip kesgitlemelikä? Ony kesgitlemek üçin nämeden ugur almalykä? Soňy gelmeýän soraglar…

Aslynda atalar sözüni içgin öwrenmegiň üç sany esasy şerti bardyr:

1-nji şerti: onuň tematik toparyny dogry anyklamakdyr.

Elbetde, atalar sözüniň tematik toparyny dogry anyklamak ýeňil-ýelpaý iş däldir. Ylaýta-da, ýaşlarymyz, okuwçydyr talyplarymyz atalar sözüniň tematik toparyny dogry anyklamakda başda biraz kynçylyk çekip bilerler. Onsoňam öň öwredilmedik bolsa, muny anyklamak aňsat däldir.

Ýatan öküze iým ýok” atalar sözüniň tematik toparynyň iş, zähmet bilen baglanyşyklydygyny onuň düzümindäki iki sany atdan: “öküz”, “iým”; iki sany işlikden: “ýatan”, “ýok” (modal söz) ybarat bolan sözlerden anyklamak kyn. Üstesine-de, “öküz” häzirki wagtda iş, zähmet bilen baglanyşykly ulanylmaýar. Şonuň üçin tematik topary derrew ýüze çykarmak aňsat däl.  Beýle ýagdaýda biraz geçmiş bilen baglanyşykly wakalary ýatlatmagy maslahat berýäris:

Adamlar geçmişde ýeri nähili sürüpdirler?

Irki döwürlerde adamlar ýer sürmekde haýsy haýwanlary ulanypdyrlar?

Ýer sürmekde we beýleki hojalyk işlerinde öküzi ulanyp bolarmy?

2-nji şerti: tematik toparyna görä dogry ýorumlamakdyr.

Ýokarda berlen soraglara görä “Ýatan öküze iým ýok” atalar sözüniň tematik toparynyň iş, zähmet bilen baglanyşyklydygy anyklanylýar. Çünki, şol döwrüň hojalyk işiniň, zähmetiniň esasy hereketlendiriji güýji öküzdir. Öküz adamlara ýer sürmekde we dürli hojalyk işlerinde ýakyndan ýardam edýär. Işleseň, gazanç bar, işlemän ýatsaň welin gazanç ýokdur diýen düşünjäni bermek maksady bilen ulanylypdyr.

3-nji şerti: öz sözleýşiňde ony we ýorumyny ýerlikli ulanmagy başarmakdyr.

Sözleýişde ýaltalyk, işýakmazlyk ýaly ýaramaz häsiýetleri bolan adamlara (ylaýta-da ýaşlara) duýduryş bermek, olary dogry ýola ugrukdyrmak maksady bilen maslahat bermekde ulanmaklygy dogry diýip tapýarys.

Bu boýunça aşakdaky nusgalary maslahat berýäris:

1.“Atalarymyz (könelerimiz, öňkülerimiz) “Ýatan öküze iým ýok” diýipdirler. Şonuň üçin asla işsiz ýatmaly däl, hökmany işlemek gerek.”

2.“Işsiz ýatmak bolmaz. Işiň uğruna çykmaly. Çünki, atalarymyz (babalarymyz) “Ýatan öküze iým ýok” diýip ýöne ýere aýtmandyrlar.”

Mundan başga-da “Ýatan öküze iým ýok” diýen atalar sözüniň manydaş nusgalaryny-da öwretmegi, olary öz sözleýşinde ulanyp bilmekligi ýola goýmaly.

Mysal üçin, “Işlemedik – dişlemez” diýen atalar sözi “Ýatan öküze iým ýok” nusgasy bilen manydaşdyr.

Şeýlelikde, bir tarapdan atalar sözüni derňäp öwrenmek, ikinji tarapdan-da, olaryň sözleýiş dilini ösdürmek meselesi göz öňünde tutulýar.

(dowamy bar)

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady