“ Ata Watan Eserleri” bäsleşigi : Baş Baýrak – “Notebook HP Probook 450, i5”

“Atavatan Türkmenistan” halkara Žurnaly Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Döredijilik  bilen meşgullanýan hem-de gyzyklanýanlar üçin nobatdaky döredijilik bäsleşiginde baş baýrak hökmünde “Notebook HP Probook 450 G6 Core i5”  Size garaşýar.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň ahyrynda edebi makala, goşgy, hekaýa, oýlanma ugurlary boýunça geçirilen “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşiginiň ilkinjisini jemledik. Uly gyzyklanma eýe bolan bu bäsleşikde 73 awtoryň 100 eseriniň arasynda iň gowulary saýlandy we baş baýrak hökmünde “RedMi 7A” telefony sowgat berildi.

NOBATDAKY BÄSLEŞIGIMIZ  MOWZUGY – “Üstünlik we üstünlik gazanmagyň ýollary”

Nobatdaky bäsleşigimiz üçin bir mowzuk saýladyk. Bäsleşigimiziň mowzugy “Üstünlik we üstünlik gazanmagyň ýollary” . Bu bäsleşigi geçirmek hem-de mowzugy saýlap almagymyzdaky maksat ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, olary höweslendirmekden we döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmakdan, ýaşlarda üstünlik gazanmak duýgusyny oýarmakdan ybaratdyr. Bäsleşigimize gatnaşyjylar ““Üstünlik we üstünlik gazanmagyň ýollary” ” mowzugyndan makala we oýlanmalar (poeziýa, proza) hödürläp bilerler. Bu gezek bäsleşigimizde goşgy kabul etmeýändigimizi bellemek isleýäris.

Eserler 22-nji Ýanwar 2020-nji senesinden 10-njy Mart 2020-nji senesine çenli kabul edilýär. Ýeňijiler 20-nji Mart 2020-nji senesinde yglan ediler.

BÄSLEŞIGIÑ GEÇIŞ TERTIBI

  • Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň iberen makalalarydyr oýlanmalary  “Atavatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň “ www.atavatan-turkmenistan.com  ” saýtynda çap ediler.
  • Siziň iberen makalalaryňyz “Atavatan Turkmenistan” halkara Žurnalynyň “ www.atavatan-turkmenistan.com  ” saýtynyň döredijilik topary tarapyndan seredilip, soňra çap ediler. Eser web-saýtda çap edilenden soňra bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanylar.
  • Şonuň üçin oýlanyşykly hem-de okyjylar köpçüligini gyzyklandyrjak makalalar toplumyny ibermegiňiz has maksadalaýyk bolar diýip pikir edýäris.
  • Eser “Üstünlik we üstünlik gazanmagyň ýollary”  mowzygyndan ýazylan bolmaly
  • Bäsleşik Türkmen dilinde geçiriler we oňa isleg bildirenler gatnaşyp bilerler.
  • Hödürlenjek eserleri atawataneserleri@gmail.com  salga ugradyp bilersiňiz.
  • Ýaryşa hödürlenen eseriň awtorynyň doly at we familiýasy, salgysy, telefon belgisi, bar bolsa işleýän (okaýan) ýeri anyk we takyk görkezilmelidir. Eseriňize degişli bolan suratlary hem ibermegiňizi haýyş edýäris! Eser boýunça jogapkärçilik awtora degişlidir.
  • Her awtor 1 eser bilen gatnaşyp bilýär.
  • Awtoryň hödürlejek eseri 500 bilen 1000 söz aralygynda bolmalydyr.
  • Ýaryşa hödürlenýän eser täze, ozal hiç ýerde (metbugatda, sosial torlarda) çap edilmedik bolmaly.
  • Ýaryşyň Ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
  • Bäsleşigiň netijesi boýunça iň köp okalan 10 eser höweslendiriji baýraklar we hormat hatlary bilen sylaglanar.
  • Ýeňijiler hödürlän eseriniň internet saýtymyzda okalan sany boýunça kesgitlener. Şol bir IP belgisi bilen näçe gezek şol linkdäki habar okalsa hem, sistem 1 gezek okaldy diýip kabul edýändigini ýatladýarys.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezi başlangyjyny öňe sürýär

Türkmenistan teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýar

Maşat şäherinde “STAR EXPO 2023” atly sergi geçirildi

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

COP-28: 30 milliard dollarlyk howa gaznasy dörediler

Ata Watan Eserleri

“Cybertruck” ulagy satuwa çykdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabatda we Türkmenbaşyda ýapon filmleri görkeziler

Antoniu Guterriş: 2023-nji ýyl iň yssy ýyl boldy

1-3-nji dekabr: Türkmenistanyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Ýaşlar syýasaty barha dabaralanýar

Türkmenistan we Azerbaýjan gümrük pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler

ÝB-niň wekilhanasy Mary şäherinde konsert gurnaýar

“Merw” (Türkmenistan) – “Rawşan” (Täjigistan): 1-1

Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýa bardy

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler

“Asyrlaryň yzlary” atly halkara ylmy ýygyndy neşir ediler

Türkmen ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler