TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Ata mähri

Eziz, kyblam, mähriban atam!  Elime galam alyp, siz barada ýazasym geldi. Dogry, dünýäniň diregi, mährem ýürekli eneler hakynda kän ýazylýar. Mähriban käbeler barada näçe ýazsaň-da az. Ýöne, atam, şu gün size bolan söýgimi ak kagyza geçiresim geldi. Ýürekdäki ilkinji söýgüniň biri siz dälmi, eýsem?!

Bäş perzende gala bolup, hemişe olaryň aladasyny edip, gije-gündiz işlediňiz. Her kimiň durmuşynda-da eziz kyblasy kyn gününde elinden tutup galdyrar. Siz hem bizi şeýle pursatlarda ýalňyz goýmadyňyz. Hatda durmuşyň ilkinji ädimini ädenimde, elimden tutup goldaw berdiňiz. Eýýäm şol pursat siz meniň ilkinji gahrymanym bolupdyňyz.

Men häzirem şol pikirde. Häzirem sizden güýçli, sizden batyr, sizden gaýduwsyz adamy başga bilemok men. Dogry, ulaldym, ýöne kalbyňda şinelän ilkinji ynançlar hiç haçan ýitip-ýok bolmaz eken.

Mähriban käbäm bilen berlen ömrüňiziň köp bölegini bize bagyşladyňyz. Her gün gymmatly wagtyňyzdan sarp edip, edep-terbiýäniň ilkinji binýadyny goýduňyz. Çagalaryňyzyň gowy iýip-içip, sagdyn, edepli, terbiýeli bolup, ile-güne goşulmagy üçin eliňizden gelenini aýamadyňyz. Her gün işden ýadap gelseňiz-de mellekde işlärdiňiz. Bag ekerdiňiz, ýer deperdiňiz. Garaz, bizi hiç zatdan hor etmediňiz. Eliňizden geldiginden, sözümizi ýykmajak bolardyňyz. Durmuşda ajy-süýji günleriň boljakdygyny, emma hiç haçan ruhdan düşmeli däldigini, hemme kynçylyklary ýeňmelidigini  aňymyza guýduňyz. Bir atanyň perzendine berip biljek iň uly sowgady olara bolan söýgüsidir. Siz perzentleriňize ol söýgüni hem artygy bilen berdiňiz.

Size meňzäsim gelýär. Çünki men şu ýaşyma çenli siz barada diňe öwgüli sözleri eşitdim. Ýogsam näme, etrapda ilkinji sungat mekdebini esaslandyran, halypalaryň halypasy bolan atam bar meniň. «Şägirdem bir perzent» diýýärler. Gör, bu gün siz ykbalyny sungata baglanlaryň näçesiniň ylym atasy.

Bu günki gün  perzentleriňizi öýli-işikli etdiňiz. Daşyňyza agtyjaklaryňyzy üýşürip, giň döwletiň eýesi bolduňyz. Döwletiňiz yranmasyn, saglygyňyz egsilmesin, mähriban!

Mähriban käbäm bilen bileje aramyzda başynyzyň dik bolmagy biz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr, Taňrynyň beren iň beýik peşgeşidir. Ýyly ýylgyrşyňyz kalbymyzy ýyladar, mähribanlarym. Goý, elmydama janyňyz sag, başyňyz dik bolsun!

Maral Akmyradowa,

«Türkmen gündogary» gazetiniň uly habarçysy.

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip,  şol ýerden  “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle