TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

At-myrat

Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde hem türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi hem-de wepaly hemralary, şöhratly taryhymyzyň bezegi boldular. Munuň şeýledigine “Irden tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy”, “Aty baryň ganaty bar”, “Ýyndam atyň bahasy bolmaz” ýaly belli halk nakyllary şaýatlyk edýär.

“Türkmen atlary” döwlet birleşigi möhüm wezipäni — ahalteke tohumynyň ähli baýlygyny hem-de atçylygyň däplerini gorap saklamak wezipesini çözmek bilen meşgullanýar. Häzirki döwürde olar döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň howandarlygynda täze mazmuna eýe bolýarlar.

Şeýle hem “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy ahalteke bedewleriniň merkezleşdirilen tohumçylyk hasabatyny ýöretmek, dünýäde arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we bu ugurda alnyp barylýan seçgi-tohumçylyk işlerini ylmy esasda öwrenmek, ahalteke bedewleriniň täze tohumçylyk nesil ugurlaryny döretmek, atly sport bäsleşiklerini guramak we şolara gatnaşmak ýaly möhüm wezipeleri amala aşyrmak üçin yzygiderli işler alyp barýarlar.

Her ýyl tutuş ýurdumyz boýunça türkmen bedewiniň hormatyna uly dabaralar geçirilýär — 2018-nji ýylda bu baýramçylyk milli derejede bellenildi. Şöhratly ahalteke bedewiniň taryhy watany hökmünde Türkmenistan halkara bileleşiginiň öňünde dünýä atçylygynyň iri merkezi derejesinde ýene-de örboýuna galdy. Bu ýerde behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň hem-de seýislemegiň gadymy däpleri hereket etmegiň döwlet maksatnamasy babatda döwrebap ösüşe eýe boýlar.

Häzirki döwürde ahalteke bedewi Watanymyzyň döredijiligiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap öňe gitmeginiň nyşanyna, milli mirasyň dowamatlylygynyň, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň ajaýyp miwesine, milli we dünýä medeniýetiniň taryhy özboluşlylygy bolan ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň ajaýyp tumaryna, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň keşbine öwrüldi.

Häzir dünýäniň ençeme künjeklerinde atçylyk toplumlarynyň, pudagyň ylmy we okuw binýadynyň, atçylyk sporty toparlarynyň täzeden dikeldilmegine hem-de şu babatda netijeliligi asyrlar arkaly synagdan geçen türkmen atçylygynyň däplerine yzygiderli gyzyklanma bildirilýär, atlary öwrenmegiň milli mekdebi ýokary derejeli ussatlaryň ünsüni özüne çekýär. Çünki türkmenler halk seçigiçileriniň ahalteke bedewi ýaly beýik sungat eserini dünýä diňe bir peşgeş bermän, eýsem, bu gymmatly atlary olaryň ajaýyp häsiýetleri bilen arassa ganlylygyny hem saklamagy başardy.

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hem atçylyk pudagyna degişli ugurdan hünärmenleri taýýarlaýarlar. Şeýle hem atşynaslaryň zähmetine mynasyp baha bermek maksadynda “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” hem-de “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlar döredildi. Olar ýurdumyzyň we daşary döwletleriň atşynaslaryna dakylýar.

Ýurdumyzda bedew sarpasynyň belent tutulýandygy barada aýdyp, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň oturdylýandygyny ýatlaman geçmek bolmaz. Güýçli, buýsançly, erkli ýa-da ýaş, joşgunly bedewleriň köp sanly keşpleriniň çeper beýanynda çuňňur we köptaraply many jemlenýär.

Aýmyrat Gandymow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/liwerpulda-salahyn-gijesi/

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle