TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Asuda durmuş abadan ýollar

Türkmenistan Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine laýyklykda,  sebitde we dünýäde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ösdürmek ugrunda işjeň çykyş edýär. Garaşsyz Türkmenistan Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlarynyň çatrygynda amatly çäkde ýerleşmek bilen, öz öňünde açylýan mümkinçilikleri has-da giňeltmäge we ählumumy bähbitleri sazlaşdyrmak arkaly sebitde we bütin dünýäde abadançylygy, durnuklylygy, parahatçylygy berkarar etmäge derwaýys goşandyny goşýar.

Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga giňden ähmiýet berilýän döwürde ýurdumyzda hem ýollaryň asudalygy ugrunda uly tagalla edilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk döwlet derejesinde umumymilli çäre hökmünde giň gerim bilen geçirilýär. 2022-nji ýylyň sentýabrynda Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilmegi, köp sanly beýleki möhüm ähmiýetli çäreleriň guralmagy «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçiriljek çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda raýatlarymyzyň abadan durmuşyny  goramak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen  täze kanunlar kabul edilip, düýpli işler durmuşa geçirildi.

Şonuň bilen bir hatarda, halkymyzyň howpsuzlyk hereketini üpjün etmegi üçin welaýatymyzyň  çäklerinde, şäherlerimizde hem-de tutuş ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtoulag ýollary, köprüler, awtomenziller, awtoduralgalar gurulýar,  öň bar bolanlarynyň durky täzelenip, düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär.

Ýol hereketine gatnaşyjylaryň sazlaşykly hereketini guramak maksadynda welaýatymyzyň obadyr şäherleriniň köçeleri degişli ýol belgileri, ýol yşyklary, çyzgylary, wideokameralar hem-de beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen kabul edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny halkymyzyň durmuşynyň asudalygy bilen birlikde, ýurdumyzyň aýna ýaly tekiz, gijesi-gündizi ýagty, hereketleri amala aşyrmak üçin dünýäniň iň soňky mümkinçilikleri ornaşdyrylan ýollarymyzda ykdysady mümkinçiliklerimizi hem durmuşa geçirmekde sazlaşykly işi üpjün edýär.

Hut şular barada oýlananyňda hem döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy dünýäniň ulag-logistika merkezine öwürmekdäki uzak geljegi nazarlaýan, ählitaraplaýyn sazlaşýan beýik işlerine «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäräniň mysalynda akyl ýetirýärsiň. Çünki asuda ýollarymyzda dünýäniň çar tarapyndan gelip, üstaşyr geçip gidýän ýükleriň tiz we howpsuz geçmegi üçin ähli şertleriň  döredilmegi ykdysady ösüşlerimize oňyn täsirini ýetirýär.

Hereket howpsuzlygynyň biraýlygynda geçirilýän çärelere dürli kärde zähmet çekýän raýatlarymyz bilen birlikde, bilim-terbiýeçilik edaralaryndaky ýaşajyk körpeleriň, kiçi we uly ýaşly mekdep okuwçylarynyň has işjeň gatnaşmagy köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine bagyşlanyp geçirilýän açyk sapaklaryň,  bäsleşikleriň, wagyz işleriniň we bu ugurdaky beýleki çäreleriň täsirliligini artdyrýar. Bu bolsa ýurdumyzda halkyň hukuk dünýägaraýşynyň, hukuk medeniýetiniň we özüňi alyp barmagyň ahlak-hukuk kadalarynyň utgaşan kämilligini kemala getirýär.

Bu çäreleriň esasy maksatlarynyň biri hem çagalaryň köçelerde we ýollarda howpsuzlyk düzgünleriniň doly we dogry berjaý etmegini gazanmakdyr. Bularyň ählisi ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň halk üçin edýän tagallalarynyň netijesinde durmuşa geçirilýär.

 Ata Watanymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň ýollarynda asudalygy saklamakda döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza halkymyzyň alkyşlary çäksizdir.

 Şöhrat Tulemedow,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.

Ýene-de okaň

Ýaşlar we döwrebap bilim

Ata Watan Eserleri

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Sport we ýaşlar

Teswirle