TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

AŞTU: Internet we IP TV tölegini telefon arkaly geçir!

Eger Aşgabatda ýaşaýan bolsaňyz, indi Internet we IP TV üçin töleg geçirmek has ýeňilleşdirdi. Mobil telefonyňyzdaky ýörite programma bilen tölegi sanlyja sekundyň içinde geçirip bilersiňiz.

Munuň üçin AŞTU özüniň mobil programmasyny täzeledi. Täzelenme müşderilere täze mümkinçilikleri hem hödürleýär. Ozal bolmadyk hyzmatlaryň arasyna Internet we IP TV töleglerini onlaýn usulda tölemegi girizdi.

Bularyň ikisi hem gündelik zerurlyklarymyza öwrülip gitdi. Ýöne aragatnaşyk edarasyna gidip, töleg geçirmek üçin käte wagtymyz bolman bilýär. Indi Google Play-den programmanyň täzelenmesini ýükläp, ony islendik ýerde mobil telefonymyzdan töläp bilýäris. AŞTU tölegleriň «Altyn asyr» plastik kartlaryndan alynýandygyny habar berýär.

Bu hyzmat häzirlikçe diňe Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin mümkindir.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Amerikan işewürleri bilen duşuşyk

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Teswirle