TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Aşgabat şäher telefon ulgamy müşderileri üçin täze hyzmaty hödürleýär. Bu barada AŞTU-nyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär. Täze hyzmat bilen müşderiler özleriniň telefon aragatnaşygy, IP telewideniýe we Internet hyzmatlarynyň onlaýn ýagdaýyndaky hasaplaryny anyklap bilýärler.

Indi müşderiler özleriniň öýjükli telefonlary arkaly 0787 belgä öý telefon belgisini görkezip SMS habaryny ýollamak arkaly, bu ýaşaýyş salgyda ulanylýan simli telefon aragatnaşygy, IP telewideniýe we Internet hyzmatlarynyň onlaýn ýagdaýyndaky hasaplaryny anyklap bilýärler.

Bu bolsa öz gezeginde müşderilere ulanýan hyzmatlarynyň hasaplaryny wagtynda doldurmak bilen, bökdençlikleriň bolmazlygyna kömek eder. Şeýle hem, müşderiler öz hasaplaryny bilmek üçin 083 serwis ýa-da 09 sorag-jogap gulluklaryna ýörite jaň etmek zerurlygyny aradan aýyrmak bilen hasaplaşyk aýlaryň ahyrlarynda aragatnaşyk ulgamlaryna we operatorlara düşýän agramlygy azaldar.

Müşderilere goşmaça amatlyklary berjek bu hyzmatyň programma üpjünçiliginiň AŞTU-nyň öz hünärmenleri tarapyndan düzülip işe girizilmegi guwançly ýagdaý bolup durýar.

0787 belgä öý telefon belgiňizi SMS ýollamak bilen öýüňizde ulanýan ähli aragatnaşyk hyzmatlarynyň hasaplaryny onlaýn biliň!

Ýene-de okaň

“Ga­laxy S23” smart­fon­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy

Ata Watan Eserleri

“Facebook” ulanyjylarynyň sany 2 milliarddan geçdi

“Apple” şereketiniň önümlerindäki i harpynyň manysy

Teswirle