TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Astrahan Türkmenistanyň ulag pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamaga taýýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň ulag pudagynyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda iş saparynda boldy. Bu saparyň jemleri boýunça taraplar ulag, logistika, senagat korporasiýasy, şol sanda “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk etmegiň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Astrahan oblastynyň hökümeti Türkmenistan bilen bu ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini mälim edip, Türkmenistanyň ulag pudagy üçin hünärmenleri Astrahanyň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlamaga taýýardyklaryny mälim etdi.

Türkmen wekiliýeti 3 günlük saparynyň çäklerinde Astrahan oblastynda döredilýän ýörite port boýunça ykdysady zolagy, gämi gurluşyk zawodyny, Deňiz we derýa ulaglary boýunça Hazar institutyna baryp gördüler.

Astrahan oblastynyň senagat we tebigy serişdeler ministriniň orunbasary Mihail Kabakow türkmen wekiliýetinden birnäçe teklipleriň gelip gowşandygyny belläp, Olýa porty bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda awtoparom gatnawlaryny ýola goýmak, ýörite ykdysady zolagyň önümçilik kuwwatyny bilelikde ösdürmek ýaly teklipleriň gelendigini belledi.

Şeýle hem astrahan tarapy Türkmenistanyň ulag pudaklary üçin maslahat beriş kömegini bermäge hem-de hünärmenleri ýerli ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda ýetişdirmek işini guramaga taýýardygyny belledi.

– Häzirki wagtda Hazar sebiti Ýewraziýanyň iri ulag-logisitka merkezine öwrüldi. Şonuň üçin bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek örän möhüm bolup durýar. Biz ykdysady port zolagynda logitsika merkezini döretmek başlangyjynyň geljegini uludygyny bellemek isleýäris. Bu meseläni özüminiň ulag kompaniýalarymyz bilen bilelikde maslahatlaşarys – diýip, türkmen wekiliýetiniň beren beýanatynda metbugat beýannamasynda bellenilip geçilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Teswirle