TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Aspirantura kabul etmegň tertibi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 9378 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama” laýyklykda, aspirantura ýokary bilimli, azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan, saýlan ugry boýunça ylmy gözlegleri geçirmekde başarnygyny görkezen şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär. Lukmançylyk ylmy ugry boýunça kliniki ordinaturany doly geçen we saglygy goraýyş ulgamynda azyndan 3 ýyl ýa-da kliniki ordinaturany geçmezden, azyndan 5 ýyl işlän şahslar aspirantura bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Aspirantura girmek hakynda aspirantlary taýýarlamagy amala aşyrýan ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza şu resminamalary goşmak bilen berilýär:

– ýokary bilim hakynda diplomyň nusgasy we onuň goşundysy (daşary ýurtda bilim alan raýatlar üçin – degişli diplomyň  nusgasy, şeýle hem daşary döwletleriň bilim hakyndaky resminamalaryna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň beren haty);

– işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;

– â„– 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;

– 4×6 sm ölçegdäki üç sany fotosurat;

– neşir edilen ylmy işleriniň sanawy, egerde okuwa girýäniň ylmy işleri boýunça oýlap tapmalary bar bolsa, ylmy-barlag işleriniň we oýlap tapmalarynyň hasabatlarynyň sanawy;

– hünärine laýyklykda saýlap alan temasy boýunça ylmy referat;

–zähmet depderçesiniň nusgasy.

Aspirantura girýän raýat ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakynda diplomy (daşary ýurtda bilim alan adamlar üçin – diplom we onuň ykrar haty) we şahsyýetini tassyklaýan resminamany özi getirip görkezmeli.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle