TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Aşgabatdaky mekdep-internatyna zehinli okuwçylar kabul edilýär

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyna 2023-2024-nji okuw ýyly üçin Aşgabat şäherinden we welaýatlardan 2022-2023-nji okuw ýylynda orta mekdepleriň 6-njy synpyny tamamlaýan zehinli okuwçylar kabul edilýär. Bu barada “Mugallymlar gazetinde” degişli bildiriş ýerleşdirilipdir.

Dalaşgär okuwçylaryň 1 — 6-njy synplardaky bahalarynyň aglabasy 5-lik bolmaly. Mekdep-internatyna okuwa girmäge isleg bildirýän zehinli okuwçylaryň sanawy we aşakdaky resminamalar etrap (şäher) bilim bölüminiň üsti bilen degişli welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliklerine 2023-nji ýylyň 1-nji apreline çenli iberilýär.

Baş bilim müdirlikleri bolsa okuwçylaryň sanawyny hem-de beýleki maglumatlary resmileşdirip, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyna iberýär:

— okaýan mekdebindäki şahsy jiltiniň mekdep müdiriniň möhüri bilen tassyklanan göçürmesi;

— mekdep tarapyndan berlen hödürnama;

— ýaşaýan ýerinden kepilnama;

— ata-enesiniň işleýän ýerinden kepilnama;

— saglyk ýagdaýy hakynda kesgitlenen nusgadaky kepilnama (086-H belgili kepilnama);

— 3×4 ölçegdäki 2 sany surat.

Mekdep-internatyna okuwa girmäge isleg bildiren zehinli okuwçylar bilen türkmen dilinden diktant, matematika hem-de taryh dersleriniň her birinden 3 soragdan ybarat bolan soragnama ýazmaça jogap bermek arkaly synaglar geçiriler.

Synaglaryň möhleti:

1. Aşgabat şäheri — aprel aýynyň 3-4-i (Aşgabat şäheri).

2. Ahal welaýaty — aprel aýynyň 5-6-sy (Aşgabat şäheri).

3. Lebap welaýaty — aprel aýynyň 7-8-i (Türkmenabat şäheri).

4. Mary welaýaty — aprel aýynyň 10-11-i (Mary şäheri).

5. Daşoguz welaýaty — aprel aýynyň 13-14-i (Daşoguz şäheri).

6. Balkan welaýaty — aprel aýynyň 17-18-i (Balkanabat şäheri).

Ýene-de okaň

«Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigi

1-nji synp okuwçylaryna “Bilimli” nyşanly kompýuterler sowgat berler

Türkmenistanda sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçiriler

Teswirle