TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Aşgabatdaky Baş arça ― Merkezi Aziýada iň ulusy

Geçen ýyl Aşgabatda dikilen Baş arçanyň tutuş GDA döwletleri boýunça iň ulularyň biridigi barada türkmen metbugatynda habar berlipdi. Paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada dikilen baýramçylyk arçasy beýikligi bilen bu ýyl hem ünsi özüne çekdi.

«Sputnik Täjikstan» internet-neşiriniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Baş arçasy tutuş Merkezi Aziýada dikilen iň beýik baýramçylyk arçasydyr. Mälim bolşy ýaly, 15-nji dekabrdan bäri daşynyň mähellesi egsilmeýan arçanyň beýikligi 40 metre barabar. Şol bir wagtyň özünde ol sebitdäki iň bezemen baýramçylyk arçalarynyň hem biridir. Onda sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen emele getirilen «2020» ýazgysy we adaty bolmadyk bezegler dünýä metbugatynda hem öz beýanyny giňden tapýar.

Neşiriň ýazmagyna görä, Daşkent şäherindäki (Özbegistan) baýramçylyk arçasynyň beýikligi 36 metr. Üçünji orunda bolsa Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde oturdylan arça bar. Ol 29 metr belentlige göterildi. Neşiriň ýazmagyna görä, Duşenbedäki arçanyň beýikligi her ýyl 1 metr beýgelýär. Onuň beýikligi ýurduň Garaşsyzlygynyň ýyllary bilen sazlaşykly üýtgeýär. Çünki 2020-nji ýylda Täjigistan Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyny bellär.

Şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherindäki Baş arçanyň beýikligi 27 metre barabar. Neşiriň ýazmagyna görä, arçany bezemek üçin müňlerçe oýnawaç we umumy uzynlygy 3 kilometre barabar bolan yşyk ulgamy ulanyldy.

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde bolsa 25 metrlik arça bezeldi.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady

Teswirle