BILIM

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygy: koreý dilindäki kitaplar sowgat berildi

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklar has-da ösdürilýär. Şonuň netijesinde, iki doganlyk döwletiň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda koreý dilini öwrenýänleriň sany yzygiderli artdyrylýar.

Şol bir wagtda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäklerinde doglanlyk Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan koreý dilindäki kitaplaryň sowgatlary amala aşyrylýar.

Golaýda şeýle wakalaryň birnäçe amala aşyryldy. Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýardam bermegi bilen, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan koreý dilini öwrenýän okuwçylara okuw gollanmalarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer ugur boýunça has-da pugtalandyrylýandygynyň hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2008-nji ýyldan bäri koreý dili we edebiýaty hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Aşgabatdaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdep bolsa ýurdumyz boýunça okuwçylara koreý dilini öwredýän ýeke-täk döwlet bilim ojagydyr.

Okuw gollanmalarynyň arasynda mekdebe çenli ýaşly çagalar, başlangyç we ýokary synp okuwçylary üçin niýetlenen gyzykly ýumuşlardan, gönükmelerdir dürli tekstlerden ybarat kitaplar bar. Olaryň jemi sany 280-e ýetýär.

Şeýle okuw gollanmalaryny şu ýylyň 12-nji sentýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna, 6-njy sentýabrda bolsa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezine sowgat hökmünde gowşuryldy.

88-nji orta mekdepde okuwçylara koreý dilini öwretmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döredilen döwrebap şertler döredildi. Bellenilişi ýaly, bu mekdepde koreý dilini öwretmek 2009-2010-njy okuw ýylynda ýola goýuldy. Häzirki wagtda 5-nji synpdan 10-njy synpa çenli okuwçylara jemi 4 sany koreý dili mugallymy sapak berýär.

Melike Işangulyýewa,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanda şahamçasy açylyp biler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ABŞ-nyň Kent uniwersiteti ähtnama gol çekişdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ABŞ-nyň uniwersitetleriniň şahamçalaryny açmak maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Bilim ulgamynda türkmen-amerikan gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň we Somaliniň bilim ministrleriniň onlaýn duşuşygy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň ABŞ-a resmi sapary