JEMGYÝET

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň baýram edilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerini jemlener we gazanylan üstünlikleri hem-de täze taryhy döwürde öňümizde duran derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň üstünlikleriniň esasynda Döwlet Garaşsyzlygy durýandygyny belledi.

Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň garaşsyzlyk we döwletlilik, watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik düşünjeleri gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar.

«Bu düşünjeler biziň günlerimizde halklaryň ýakynlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän milli we umumadamzat ähmiýetli taglymatlara öwrüldi. Milli bitewüligi emele getirip, döwlet Garaşsyzlygynyň esaslaryny düzdi» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň sözlerine görä, biziň beýik ýeňişlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň esasynda Türkmenistanyň Döwlet Garaşsyzlygy durýar. «Garaşsyzlyk bize döretmäge – kuwwat, gurmaga – güýç, рarahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga – egsilmez ylham berýär!» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Ýene-de okaň

COP-28 sammiti: dünýä döwletleriniň başlangyçlary

Putin Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul eder

Türkmenistanyň Prezidentiniň COP-28 mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezi başlangyjyny öňe sürýär

Türkmenistan teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýar