TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Aşgabatda türkmen telekeçileriniň baýramçylyk sergisi

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. 7 günläp dowam etjek sergide ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň 200-den gowragy özüniň önümlerini we hyzmatlaryny halk köpçüligine ýetirýär.

Sergä ýurdumyzyň hökümet wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, ýaşulular wekilleriniň agzalary we köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Myhmanlaryň hatarynda goňşy Owganystanyň Söwda-senagat edarasynyň hem wekilleri bar.

Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu köpugurly gözden geçirilişiň öz işine başlamagy mynasybetli senagatçylara we telekeçilere iberen Gutlagynda geçen 15 ýylda birleşmäniň agzalarynyň ýeten sepgitleriniň hususy pudagyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülendigine şaýatlyk edýändigini aýratyn belledi.

Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu günki gün ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 28 müňden gowragyny özünde jemleýär. Häzirki wagtda birleşmäniň agzalarynyň söwda boýunça haryt dolanyşygynyň depgini, 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 39,3 esse ýokarlandy.

Şu günki sergide hem TSTB-niň düzümleýin edaralary, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olarda birleşmäniň obasenagat toplumynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda iş alyp barýan agzalarynyň önümleridir hyzmatlary görkezilýär.

Sergä özüniň täze önümleri we harytlayr gelen gelen hususy pudagyň wekilleriniň biri hem “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetidir. Bu jemgyýet köp ugurda iş alyp baryp, iş ugurlarynyň biri hem süýji nygmatlarynyň önümçiligidir.

“Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýeti süýji önümçiliginde öňdebayrjy hasaplanýan Belgiýanyň süýjülerinden pes bolmadyk şokolad önümçiligini ýola goýup, şol şokoladlarynyň ilkinji görnüşlerini bu sergide halk köpçüligine ýetirdi.

 

Ýene-de okaň

Hytaýda “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatynyň çäklerinde birinji sammit geçiriler

Dünýäniň liderleri Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Şu gün – Halkara Nowruz güni

Teswirle