TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Türkmen paýtagtynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilýän bu giň gerimli medeni çäre türkmen-täjik döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşant bolar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Täjigistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere agşamara iki ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar. Iki döwletiň medeniýet ministrleri foruma gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag sözleri bilen ýüzlendiler, döwletara medeni gatnaşyklar üçin aýratyn waka hem-de Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýolunda ýene bir möhüm ädim bolan bu gezekki çäräniň ähmiýetini nygtadylar.

Dostlukly ýurduň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň medeniýet ministri Zulfiýa Dawlatzoda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen kärdeşlerine döredijilik forumynyň ýokary guramaçylyk derejesi we Täjigistanyň wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmakda, iki halkyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginde şu gezekki çäräniň ähmiýetini bellediler.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, Täjigistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyna halk aýdym-sazlary, dünýä we täjik nusgawy saz sungatynyň hazynasyndan eserler, estrada aýdymlary, joşgunly tans çykyşlary girizildi. Konsert Täjigistanyň meşhur döredijilik toparlary — G.Walmatzoda adyndaky “Lola” döwlet tans toparynyň, Täjigistanyň A.Juraýew adyndaky döwlet filarmoniýasynyň “Parastu” tans toparynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Hyýalbentlige syýahat” atly tans çykyşy bilen açyldy. Bu täsin tansyň üsti bilen täjik halkynyň myhmansöýer türkmen dostlaryna bolan hoşniýetli duýgulary we tüýs ýürekden hormat-sarpasy beýan edilýär.

Tomaşaçylara “Täjigistan şu gün” atly wideofilm görkezildi, onda dostlukly ýurduň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şeýle-de syýahatçylyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, paýtagt şäher Duşenbäni mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, täjik halkynyň ruhy-taryhy mirasyny gorap saklamak we artdyrmak boýunça geçirilýän çäreler beýan edilýär.

Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda köpöwüşginli tomaşa ýaýbaňlandy. Tomaşaçylar joşgunly el çarpyşmalar arkaly dünýä nusgawy saz eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetiren artistleriň zehinine baha berdiler. Bu ýerde halk sazlary hem ýaňlandy. Halk sazandalarynyň çykyşlary aýdym-saz agşamynyň aýratyn bezegi boldy, olar doýra, rubob, ud, naý we dutor ýaly gadymy saz gurallarynda täsin mukamlary ýerine ýetirdiler.

Tomaşaçylar Täjigistan Respublikasynyň S.Aýni adyndaky döwlet akademiki opera we balet teatrynyň balet toparynyň gatnaşmagynda Amirjon Ruziýewiň ýerine ýetiren “Näzlim uz maňa” aýdymyny aýratyn tolgunma bilen diňlediler. Sanjar Sanginowyň ýerine ýetirmeginde Halk Maslahatynyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Bagt nury” aýdymy belent joşgun bilen ýaňlandy.

“Köpöwüşginli lybaslar” ady bilen geçirilen moda lybaslarynyň görkezilişi ýygnananlara uly lezzet paýlady. Onda belli täjik ussady, dürli bäsleşikleriň birnäçe gezek ýeňijisi Furşed Sattorowyň taýýarlan egin-eşikleriniň nusgalary görkezildi.

Täjigistanyň çäklerinden uzakda-da meşhur bolan ýaş estrada aýdymçysy Çorşanbe Alowatowyň çykyşy hem konsertiň bezegine öwrüldi. “Central Asia Got — 2019” halkara telewizion bäsleşiginiň ýeňijisi täjik halk mukamynyň äheňlerinde döredilen “Seniň örüm saçlaryň” atly aýdymy ýerine ýetirdi. Ýygnananlar “Lola” we “Parastu” meşhur tans toparlarynyň bilelikde gatnaşmagynda, sazyň awtory Nosir Safarzodanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Dostluk sazy” atly sazly tans çykyşyny yzy üzülmeýän el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Tomaşaçylara Täjigistanyň täsin sungaty bilen duşuşygy peşgeş beren konserte gatnaşan ähli artistleriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Watana söýgi” atly aýdym ajaýyp dostluk baýramynyň jemlenmesi boldy.

 

Ýene-de okaň

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

«Gyzyl kürte» filmi Gazagystanda görkeziler

Teswirle