Aşgabat atçylyk toplumynda atlaryň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Türkmenistanyň atçylyk federasiýasynyň we Milli atçylyk merkeziniň atlary gatnaşdy. Ýaryş Halkara atçylyk federasiýasynyň düzgünlerine laýyklykda gurnaldy.
Ýaryş iki tapgyrda geçirildi we bäsleşigiň tizlikde bökmek görnüşi onuň netijelerine görä anyklandy. Ýaryşyň dowamynda 14 çapuksuwar özleriniň güýji, tizligi bilen birinji tapgyryň ugry boýunça 12 päsgelçilikden 15 böküş etmeli boldy. Galybersede ýene ýaryşyň dowamynda ýekelikdäki 12 päsgelçilikden başga-da, iki ulgam boýunça beýikligi 110 santimetr bolan iki üç päsgelçilik bardy we çapyksuwarlar bulardan hem üstünlikli geçmegi başardylar.
4 jerime urgusyndan az bal gazanan çapyksuwarlar, birmeňzeş päsgelçilikler we böküşler bolan ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar, ýöne beýiklige 10 santimetr goşuldy.
Tizlikde bökmek boýunça beýikligi 130 santimetr bolan alty päsgelçilik çapyksuwarlary synagdan geçirdi. Bu gezek päsgelçilikleri ýeňip geçmegiň wagty hem hasaba alyndy.
Bu bäsleşikde Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Serdar Garajaýewiň Toýçi atly Ahalteke aty bilen ýeňiji boldy. Kümüş medalyň eýesi Altynhan atynda Türkmen döwlet Bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Yhlas Çopanow, bürünç medala bolsa Türmenistanyň Prezidentiň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Terbaş atly Ahalteke aty bilen Annadurdy Ballyýew mynasyp boldy.