TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

“Aşgabatda” öwsen Buenos-Aýres şemaly

Duýguçyl adamlar şeýle bolýar diýeýinmi, nähili diýeýin, bilemok, «guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz» diýleni-dä. Arzuwsyz adam ýok, söýgüsiz durmuş! Arzuw bilen hyýal dälmi näme adamy şatlandyrýan, ony bagtly edýän, öňde goýan maksatlaryna sary äkidýän?! Hyýaly-fantastik eserleriň ussady Reý Bredberi hem «Hyýalbentlik – munuň özi seniň durmuşyň merkezi bolmalydyr» diýýär.

«Çaga mahalymyz kimde, haýsymyzda şu wagtkymyzdaky ýaly, uly maksatlar bardy?» diýýän. Soňam «Hatda millionlarça kilometrler hem ilkinji ädimden başlanýar», «Kiçijik söýgi bilen ullakan işler edilýär ahyry» diýlen aýtgylar bilen ylalaşýan hakydamda. «Çagalyk ýyllary» diýlende, biserhet arzuwlar, ýatlamaga iň gyzykly pursatlar, wakalar, ilkinji söýgi, ilkinji dostluk, nämälim bir mylaýymlygy özünde jemleýän kiçijik dünýäň biygtyýar seriňe dolýar. Uly maksat diýýänimizem näme hyýalymyzdaky zatlaryň hakyky bolmasa-da, hakykylygyna ynanyp, olary şol dünýämizde – köňlümizde ýaşatmakdan ybaratdy şol uçurlar. Özümiziň iň gowy görýän futbolçylarymyza, film gahrymanlarymyza-da baý meňzäsimiz gelendir-ä! Howlymyzyň daşynda sütüne derek daşdan derweze gurup, topara bölünende bolsa deňräk oýnaýan oglanlar bilen uzagraga gidip ýa futbolçynyň ýa-da aktýoryň atlaryny gulagymyza çawuş edip, futbol oýnardyk. Özem kapitanly. Ronalda «Renalda», Roberto Karlosa «Rebetta Karlos» diýip ulalan oglanlar biz. Belki-de meşhur Bebetonyň ady dilimizde galandygy üçin şeýledir?! Futbol diýmek – Braziliýa diýmekdi biziň üçin ýa-da tersine. Futbolçylaryň köýnekçisini geýip futbol oýnamak bolsa aýratyn lezzetdi.

Bir gün kakam bazara gitdi. Ondan Braziliýanyň futbol ýygyndysynyň köýnekçesini getirmegini sargadym. Birki sagat geçensoň, eli ak-gök reňkli futbol eşigi bilen dolanyp geldi. Arkasynda ýalpyldap duran 9-lyk belginiň ýokarsynda meniň üçin nämälim bir at ýazylgydy: Batistuta. Futbola oýnamaga geýip çykamda dostlarymyň göwnüne ýaran köýnekçe şol gün meniň kiçijik dünýämde «Argentina» diýen täze ýurdy açypdy. Gabriel Batistutany argentinleri dünýä meşhur eden Maradonadan öň tanadym diýsem geň görmäň. Gizläp oturmagyň hajaty ýok. Futbol diňe ýurtlaryň arasynda oýnalýandyr diýip otursam, asyl her ýurduň öz klublary hem bar eken. Üýtgeşig-äý! Batistutadan, Maradonadan öňki-soňky nesilleriň, gepiň külesi, argentin futboly, galyberse-de Argentina bilen bilen içgin gyzyklanyp  başladym şondan soň.

Batistutanyň maňa «açyp» beren ýurdunyň bir aýratynlygy bar, o-da howasy. Paýtagtynyň ady-da şondan gelip çykýan bolsa gerek. «Buenos Aýres» terjime edilende «ajaýyp howa», «sergin şemal» diýen manylary berýär. Özem bu ýurtda iýundan awgusta çenli gyş, sentýabr-noýabrda ýaz, dekabr-fewral aýlary tomus, mart-maý aralygynda-da güýz pasly dowam edýär.

Şu wagt howa maglumaty «…Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde günbatardan tizligi sekuntda 5-10 metre ýetýän şemal öwser, howanyň temperaturasy gündizine …gradus, gijesine bolsa …gradus maýly bolmagyna garaşylýar» diýlip, Nury Halmämmedowyň sazy bilen utgaşyp tamamlandy. «O ýerde häzir gyşdyr» diýip, oýlanyp oturşyma bir nämälim duýgy bilen «Aşyklaryň şäherinde» 2009-njy ýylyň fewralynda bolup geçen futbol baýramçylygyna dolandym. Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşdy. Bizem mekdep okuwçysy hökmünde bilim bäsleşigine gaýdypdyk bir hepdeligine. Bäsleşik bahanasy bilen stadiona-da sowulardyk ýolda. «Aşgabatda» biziň bilen ýaşytdaş oýunçynyň çykyş edýänini aýtdylar. Ýaşlar toparyndanam bilýärdim ony. Onuň şol ýaryşdaky görkezen oýunlary maňa ýaryşdan iki ýyl öň «Kopa Amerikada» çykyş eden argentin futbolçysy Rodrigo Palasiony ýatlatdy. Ýüz-keşp däl, oýundaky hereketlerini, topy bilen gidende ellerindäki hereketlerini, tizligini, çalasynlygyny, hüjüme ýakynlygyny aýdýan. 14-nji belgidäki köýnekçelerini, saç stillerini hasaba almasaň, soň-soň şeýleräk hatarladym olaryň meňzeşligini aňymda. Bu-ýa Ruslan. O-da Rodrigo. Ikisiniňem ady «R» bilen başlanýar. «Aşgabat» türkmen paýtagtynyň topary, beýlekisem – «Boha Huniors» Argentinanyňky. Boýlaram deňeçer – 1-74-1,75.

Çagalar ulularyň diýenini etmän bilerler, emma olaryň hereketini göçürmegi bes etmez diýilýär. Surat çeken ýaly. Bizem ilkinji nobatda göreldäni maşgaladakylarymyzdan, ýa bolmasa ýakynlarymyzdan alýarys çagakak. Rodrigonyň kakasy Hose Roman Palasio – öz döwrüniň zehinli futbolçysy. Ruslan Mingazow-da bu ýola döwründe türkmen futbolyna önjeýli goşant goşan Kamil aganyň kämil futbol mekdebinden başlady. Diýmek, ikisem futbolçynyň maşgalasynda doglan. Çekilen suraty «basyp almak» bar. Çekilen surata seredip çekmek bar. Ýatdan çekmek bolsa eýýäm başga gürrüň. Şol bäsleşikden soň, 2009-njy ýylda bularyň ikisiniňem öz materiginde eken tohumlary olaryň ykbal daragtlary bolup başga bir yklymda gögerdi. Ýurt tuglarynyň has-de belentde parlamagy üçin biri Günorta Amerikadan, beýlekisi Aziýadan Ýewropa gaýtdy. Palasio Italiýanyň «Ženoasynda» oýnap başlady, Mingazowam Latwiýanyň paýtagty Riganyň «Skontosynda» ýoluny dowam etdirdi. Ikisi hem birnäçe klublarda oýnap üstünliklere eýe boldular, bolmaklarynam dowam edýärler, ýokarda aýdyşym ýaly suraty indi ýatdan çekýärler. Bu eýýäm başga hekaýa. Ýöne şu ýerde ýekeje zady belläp geçeýin: Ženoadan Riga uçarda uçsaň aralyk 1750 km eken. Boýlaram 1,75 diýipdig-ä başda…

Häzir howa maglumatynyň çaklamalaryny birki hepde öňünden görüp bolsa-da, käte tamaň çykmaýan ýerlerem bolaýýar. Emma şol ýaryşda ýetginjek futbolçynyň nämeler edip biljekdigi bolsa edil Aý dogan ýalydy. Sebäbi boljak oglan başdan bellidi. Hawa. Aýazly günlerde birki hepde dowam eden şol ýaryşda Ruslan Mingazow «Aşgabadyň» janköýerlerine Buenos-Aýresiň gyzgynjak şemalyny ýaş ýüreginiň ýylysy bilen paýlap beripdi.

 

Saparnepes ATABAÝEW,

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini

çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen

2-nji orta mekdebiň mugallymy

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip,  şol ýerden  “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle