JEMGYÝET

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň daşky gurşawy goramak ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow habasat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, şu ýylyň mart aýynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretarynyň ýurdumyza saparyny guramak meýilleşdirilýär. Bu saparyň çäklerinde Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygyny guramak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

1999-njy ýyldan bäri Aşgabatda ÝHHG-niň merkezi hemişelik esasda öz işini alyp barýar. Bilelikdäki meýilnamalaryň çäklerinde soňky 25 ýylyň dowamynda dürli ugurlar boýunça 500-den gowrak taslamalar durmuşa geçirildi.

Häzirki wagtda Aşgabatda ÝHHG-niň merkezi bilen ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamasy taýýarlandy. Umuman, şu ýylyň dowamynda 37 taslamany durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirilipdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

Talyp-2024: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Ata Watan Eserleri

Lebap welaýatyna täze prokuror bellendi

Talyp-2024: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyrylar