TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirilýär

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirilýär.

Forumyň öň ýanynda myhmanlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogyna bagyşlanan sergisi bilen tanyşdylar. Şeýle hem myhmanlar üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogyna bagyşlanan wideofilm görkezildi. Şol wideofilmde ýurdumyzda zenanlaryň orny, olaryň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda amala aşyrýan işleri, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň döredilmegi barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, giriş sözi bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa çykyş etdi. Mejlisiň Başlygy Gülşat Mämmedowa öz çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Ol sebitde zenanlaryň dialogynyň döredilmegi bilen zenanlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, zenan telekeçileriň özara hyzmatdaşlygyna uly itergi berendigini belledi.

Şeýle hem Mejlisiň Başlygy Gülşat Mämmedowa şu ýyl Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilendigini belläp, munuň hem möhüm bir zenan parlamentarlarynyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi jähtinden ähmiýete eýe bolup durýandygyny mälim etdi.

Duşuşyga Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndan zenan parlament ýolbaşçylary gatnaşdylar. Olaryň arasynda Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mažlisiniň Başlygynyň orunbasary Balaýim Kesebaýewa, Gyrgyz Respublikasynyň Ýokary Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Jamiliýa Isaýewa, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlaryň we maşgala işleri boýunça Komitetiň başlygy Hilolbi Kurbonzoda we beýleki ýolbaşçylar bar.

Şeýle hem bu duşuşyga BMG-niň Baş Sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň baştutany Natalýa German hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Dialogyň şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini, zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy, özgertmeleri, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminamanyň kabul edilmegi garaşylýar.

Ýene-de okaň

Nazarbaýew Halk Maslahatynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri

Wolodin: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyza möhüm ähmiýet berýäris

Teswirle