TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitleýin maslahaty geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan kanunçykaryjylyk işi barada maglumat berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirilýär. Şeýle hem “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary milli kanunçylyga girizmek boýunça kanun taslamasy taýýarlanylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 20-nji aprelde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň, şeýle hem Halk Maslahatynyň döredilmeginiň hem-de onuň işiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ilat arasynda giňden wagyz etmek hem-de düşündirmek maksady bilen, welaýatlarda we paýtagtymyzda deputatlaryň gatnaşmagynda maslahatlar guraldy.

Şeýle hem Tailand Patyşalygynyň we Gruziýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeleri barada maglumat berildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili bilen duşuşyk geçirildi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde şu ýylyň 16-njy maýynda Aşgabatda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly Merkezi Aziýa sebitleýin maslahatyna we şu ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen ylmy-amaly maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi.

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Ärdoganyň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler

Teswirle