DÜNÝÄ

Aşgabatda medeniýet ministrleriniň maslahaty geçiriler

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew bilen ÝUNESKO-nyň Afrika we daşary gatnaşyklar boýunça baş direktorynyň orunbasary Entoni Ohemeng-Boam arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda 17-18-nji maýda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen medeniýet ministrleriniň halkara maslahatynyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça pikir alşyldy.

Mundan başga-da, duşuşykda Türkmenistanyň görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara baýramçylygy bilen baglanyşykly Türkmenistanyň beýleki başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu başlangyçlar, 2023-nji ýylyň noýabr aýynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisinde kabul edilen Kararnama laýyklykda ÝUNESKO-nyň goldawyny aldy. ÝUNESKO-nyň baş edarasynda gala konserti we Magtymguly Pyraga bagyşlanan sergi ýaly medeni çäräniň geçiriljekdigi mälim edildi.

Taraplar bu çäreleri üstünlikli geçirmegiň hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine girişdi