MEDENIÝET

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

22-23-nji noýabrda Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan eýýäm birnäçe ýyl bäri guralmagy asylly däbe öwrülen çäre bu ýyl hem täsirli pursatlara baý boldy.

Medeni çäräniň ilkinji gününde “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde geçirilen çäre köp adamly boldy. Bu ýerde tematiki surat meýdançasy, dürli öwüşginli täsin sowgatlyklary ýasamak boýunça ussahana hereket etdi. Bu ýere gelenlere milli koreý tagamlaryny dadyp görmek mümkinçiligi hem döredildi. Bu çäre paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlarynda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Medeni maksatnama 23-nji noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda guralan konsert bilen jemlendi. Onda koreýaly artistleriň — tenor sesli aýdymçy Kwon Hwapýonyň we messo-soprano sesli ýerine ýetiriji Kwon Mijiniň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikde eden çykyşlary opera söýüjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy. Aýdymçylaryň çykyşdan öň tomaşaçylara türkmen dilinden öwrenen sözleri bilen ýüzlenmekleri, koreý liriki aýdymlaryny ýerine ýetirmekleri has-da täsirli boldy.

— Gözel Aşgabatda guralan konsertde çykyş edýänime diýseň begenýärin. Türkmenistana eýýäm ikinji gezek gelýärin. Şu ýylyň 11-nji oktýabrynda geçirilen VI Wena balynda «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertinde çykyş edipdim. Şol gezekki saparymyz bizde ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Geçen gezek bolşy ýaly, bu sapar hem çykyşlarymyzyň tomaşaçylar tarapyndan diýseň şowhunly garşy alynmagy bizi örän begendirdi. Saparyň dowamynda türkmen halkynyň baý medeniýeti, däp-dessurlarydyr milli tagamlary bilen giňden tanyşmak isleýärin — diýip, aýdymçy Kwon Hwapýon belledi.

Ýene-de okaň

Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalary ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi