BILIM

Aşgabatda IV açyk halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde IV açyk halkara matematika olimpiadasy geçirilýär.

Bu olimpiada Russiýa Federasiýasynyň Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet, Russiýanyň Halklaryň doslugy, Russiýanyň ýokary ykdysadyýet uniwersitetleriniň, Sankt-Peterburgdaky Gertsen adyndaky mugallymçylyk institutynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň Sian Halkara bilimler, Bolgariýanyň «Kliment Ohridski» adyndaky Sofia, Ispaniýanyň La Rioja, Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdullah adyndaky Ylym we tehnologiýa, Indoneziýanyň bilim, Özbegistanyň Ulugbek Mirzo adyndaky milli uniwersitetleriniň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň matematikanyň inçe syrlaryny bilýän talyplaryndan iň başarnykly we ýiti zehinlilerini ýüze çykarar. Munuň özi ylmyň ösüşine saldamly goşant bolar.

Olimpiada iki görnüşde — şahsy we toparlaýyn görnüşlerde geçirilýär. Onuň emin agzalary ýurdumyzyň we bu bäsleşige gatnaşýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybaratdyr. Bu bäsleşige daşary ýurtlaryň 30-a golaý ýokary okuw mekdebinden 150 töweregi myhman gelip, olardan 120-ä golaýy bäsleşige gatnaşýan talyplardyr. Bu olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 400-e golaý talyp gatnaşýar.

Gatnaşyjylar IV açyk halkara matematika olimpiadasyna uly höwes bilen başladylar.

Ýene-de okaň

Dalaşgär-2024: ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy

Ata Watan Eserleri

 2024-nji ýylda jemi 15 müň 926 dalaşgäri talyplyga kabul etmek meýilleşdirilýär

Türkmen okuwçylary we talyplary halkara olimpiadalarda 737 medal gazandy

Türkmenistanda täze rektorlar wezipä bellendi

Jons Hopkins uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi mugt bolar

Türkmenistan bilen Wengriýa bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer