TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Aşgabatda hindi filmleri görkeziler

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň guramagynda paýtagtymyz Aşgabadyň «Gülzemin» söwda merkezindäki «Gülzemin» kino zalynda hindi kinolarynyň görkezilişi bolar.

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy 17 — 21-nji sentýabr aralygynda ýene 4 filmi görkezmegi meýilleşdirýär. Meşhur hindi filmleriniň görkezilişiniň «Hindi film festiwalynyň» çäklerinde guralýandygyny bellemek gerek.

Filmler her gün «Gülzemin» kino zalynda sagat 19:00-da başlanar.

Giriş tölegsiz, ýöne ýer sanlarynyň çäklidigi üçin hasaba durmagyňyz talap edilýär. Howlugyň, oňa şu ýerden ýazylyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

«Türkmenfilm» birleşigi täze multfilmini hödürleýär

«Türkmenfilm» birleşigi täze kinolaryny hödürleýär

Uly çille

Teswirle