TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi gurlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, alnyp barylýan işler hem-de Aşgabadyň durmuş düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn kämilleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli käbir desgalar, hususan-da, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi barada hasabat berdi. Bu desga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girer. Bu ýerde hassa çagalara ýokary hilli we dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetiriler.

Şeýle-de “Köşi” ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän Stomatologiýa merkezi barada hasabat berildi. Merkezde agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak, irki döwürde anyklamak we bejergi işlerini geçirmek hyzmatlary amala aşyrylar. Wise-premýer “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ýerleşdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda degişli halkara bäsleşigiň jemleri jemlener we onuň ýeňijisi kesgitlener.

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara pediatriýa merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň binalaryny gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy. Olaryň bina edilmegi saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle