TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Aşgabatda güýz aýynda lukmançylyk senagatynyň sergisi guralar

2022-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglyk, bilim we sport» ady bilen halkara sergi hem maslahat geçiriler. Ol TSTB we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriligi tarapyndan guralar.

Sergä hem maslahata gatnaşmaga türkmen bazarynda iş alyp barýan lukmançylyk we derman serişdeleri kärhanalary, degişli ministrligiň pudaklaýyn hem düzümindäki edaralardyr guramalar çagyrylýar.

Serginiň şu ugurlar boýunça guralmagy meýilleşdirilýär:

– lukmançylyk enjamlary we tehnologiýalary;
– diş lukmançylyk enjamlary;
– tejribehana we anyklaýyş enjamlary;
– hirurgiki enjamlar we materiallar;
– hassahanalaryň aragatnaşyk ulgamy;
– ortopediýa we saglygy dikeldiş;
– derman serişdeleri, lukmançylyk we arassaçylyk-gigiýena önümleri;
– saglyk, gözellik we bedenterbiýe;
– optika;
– ýörite ulag serişdeleri;
– saglygyň tebigy çeşmeleri.
Sergi we maslahat hakynda has giňişleýin maglumatlar bilen www.cci.gov.tm, www.sghm.tm saýtlar arkaly hem-de:

  • centres@online.tm 
  • okk-merkez@vandex.ru 
  • exhibition@cci.gov.tm  elektron poçtasyna ýazmak bilen tanşyp bilersiňiz.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/cehiyada-covid-19-caklendirmeleri-ya

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmen-azerbaýjan işewürler geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Koreý kompaniýalary Türkmenistandaky “akylly şäher” taslamalaryna gyzyklanma bildirýär

Teswirle