TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Aşgabatda Golliwud agşamy

Golaýda paýtagtymyzdaky «Türkmenistan» kinokonsert zalynda Rasul Klyçewyň ýolbaşçylygynda Döwlet simfoniki orkestriniň «Golliwud Aşgabatda»  atly konserti geçirildi.

Konsertde «Garri Poter», «Ýyldyzlar urşy», «Karib deňziniň garakçylary», «Titanik», «Şindleriň sanawy» ýaly meşhur kinofilmleriň 12-sininiň iň gowy owazlary ýaňlandy. 2 sagatdan gowrak dowam eden konsertde Golliwudyň meşhur filmleriniň aýdym-sazlary tomaşaçylaryň hyýaly dünýäsinde bu filmleriň täzeden janlanmagyna mümkinçilik döretdi.

Iki günläp dowam eden bu konsertiň dowamynda Halkara bäsleşiginiň  eýesi  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby zehinli skripkaçy Aýbölek Muhyýewanyň ýekelikde çykyşyna orun berildi. Şeýle hem aýdymçy Maýsa Nyýazowa “Sky Fall”  aýdymyny we Uitni Hýustonyň “Men seni hemişe söýerin” aýdymyny ýerine ýetirdi. Ýerine ýetirilen sazlaryň aglabasy kompozitor Jon Uilýama döredijiligine degişlidir. Şeýle hem Rasul Klyçewiň gürrüň bermegine görä: «Çokundyran ata» kinofilminiň sazy üçin italýan kompozitory Nino Rota “Oskar” baýragyna mynasyp bolupdy. «Karib deňziniň garakçylary» hem  filmindäki sazlar barada hem şeýle diýseň bolar.”

Konsertiň aýdym-saz muşdaklarynyň ünsüni çeken aýratyn tarapy bolsa, ajaýyp sazlaryň bilen bilelikde kinokonsert zalynyň ekranynda şol sazlaryň ýerine ýetirilen filmlerinden bölekleriň görkezilmegi boldy. Bu sazlaşyk konserte aýratyn öwüşgin çaýdy.

Konsertiň ahyrynda sungat işgäri Rasul Klyçow tomaşaçylara öz hoşallygyny bildirdi.

Aýşirin ALYÝEWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 3 ýyl talyby

Surata  düşüren: Aýjemal GURBANOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 3 ýyl talyby

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle