TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Aşgabatda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda sergi geçiriler

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp, baýramçylygyň öňüsyrasynda sergi geçiriler. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ykdysady üstünliklere bagyşlanjak bu sergi 20-21-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda gurnamak meýilleşdirilýär.

“Altyn asyr” elektron gazetiniň habar bermegine görä, sergi gözden geçiriliş we işewürlik esaslary özünde jemleýär.

Her ýylyň Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmegi däbe öwrülen bu sergide ýurduň ykdysadyýetde, hususy pudakda, senagatda, ylymda, bilimde, medeniýetde, sportda, syýahatçylykda we beýleki ugurlarda gazanan üstünlikleri sergä gelýänlere görkeziler.

Sergide ýurduň döwlet we hususy edaralarynyň, önümçilik kärhanalarynyň alyp barýan işleri giňişleýin öz beýanyny tapar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle