TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Aşgabatda Dewisiň Kubogy boýunça halkara tennis ýaryşy geçiriler

2021-nji ýylyň 6-12-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzyň Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis Toplumynda Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň IV sebitleýin toparynyň Dewisiň Kubogy atly ýaryşynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada ýurdumyzyň Tennis federasiýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Dewisiň Kubogy erkek türgenleriniň toparlaýyn ýaryşy tennis dünýäsinde iň uly derejesindäki ýaryşy bolup durýar. Bu ýaryşynyň bir tapgyrynyň ýurdumyzda geçirilmegi Türkmenistanda sagdyn bedenli we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek, ýokary netijeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak baradaky döwlet syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ýokary derejesindäki halkara ýaryş Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň tennis meýdançalarynda geçiriler. Bu ajaýyp we döwrebap sport desgasy halkara kadalaryna we standartlaryna laýyk gelýär we ýokary hilli sport enjamlary bilen üpjün edilendir.

Ýurdumyzda geçiriljek Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň IV sebitleýin toparynyň Dewisiň Kubogyna 15 döwletleriniň tennis sporty boýunça ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär:

Türkmenistan, Bahreýn Patyşalygy, Kamboja Patyşalygy, Guam territoriýasy, Eýran Yslam Respublikasy, Yrak Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Mongoliýa döwleti, Mýanma Birleşigi Respublikasy, Oman Soltanlygy, Saud Arabystany Patyşalygy, Singapur Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Ýemen Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri.

Ýaryşyň netijesinde 3 sany döwlet Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň III sebitleýin toparynda bäsleşmek mümkinçiligini gazanarlar.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Messi Ronaldonyň rekordyny täzeledi

Teswirle